Sepleriň elýeterliligi

Merkezi Aziýada ýene 10 ýyldan - garyplyk, işsizlik we açlyk bolar


Duşenbäniň ulag bazary

Duşenbäniň ulag bazary

"Garyplyk, işsizlik, oppozisiýany we din aktiwistlerini repressiýa uçradýan režimleriň hasam möwjemegi we açlygyň artmagy" - bilermenler geljek 10 ýylda Merkezi Aziýanyň şeýle ýagdaýa uçrajakdygyny aýdýarlar.

Hamadoni etrabynyň ýaşaýjysy Madisa eýýäm birnäçe aýdan bäri geljege ynamsyzlykdan lapykeçlik çekýär. Onuň aýtmagyna görä, Orsýetden kowlandan bäri ol öz ýurdunda hiç hili iş tapyp bilmändir. Diňe setanda-seýranda öz awtoulagy bilen Kulýabdan Duşenbä kireýine adam gatnadaýmasa, umuman, hiç hili işi ýok.

"Ýöne men şeýle tötänlikde gabat gelýän kireý bilen maşgalamy ekläp bilmeýärin. Gaty köp gezek "Guliston" çatrygynda ençe sagatlap awtoulagym bilen kireý etmek üçin garaşyp oturdym we ahyrynda alaçsyz ýagdaýda öýüme dolanmaly boldum" diýip, Madiso gürrüň berýär.

Onuň azda-kände kireýden gazanýan pullaram ýa awtoulagyň bejergisine ýa-da ýol gözegçilik polisiniň jübüsine gidýär. Ol: "Bazarda oturyp, zat satar ýaly bir ýer aljak boldum. Ýöne ol ýerdäki satygçylar meni raýymdan gaýtardylar. Olar edil häzir bazarda söwda-satygyň oňly däldigini, halkda pul ýokdugy sebäpli özleriniňem indi bazarda oturýan ýerlerini satmaga synanyşýandyklaryny aýtdylar" diýip, öz başdan geçirenlerini gürrüň berýär.

Madiso üçin ýeke-täk umyt - ol hem Orsýete işe dolanmaga rugsat berilmegi. Bu biçäre aýal: "Eger şu gün, hut edil häzir kowlan migrantlaryň yzyna Orsýete işlemäge dolanmagyna rugsat berlendigini eşitsem, derrew ýola çykyp, ol ýere işlemäge giderin" diýip zarynlaýar.

Madiso, öz gazanjynyň agramly bölegini her aýda döwlete töleýän patent tölegine bermeli bolýandygyny, şonuň üçinem hemişe polis barlagyndan gizlenip, ýa-da gaçyp ýörendigini nygtap, özi üçin mundan başga çäräniň ýokdugyny aýdýar. Ol özüniň öňi-soňy, eýdip-beýdip Russiýa işlemek üçin dolanjakdygyny aýdýar.

"Men Russiýada 10 ýyl işledim. Ol ýerde gazananjam bilen uly ogullarymy uniwersitetde okatdym. Awtoulag satyn aldym. Şeýle-de Duşanbede iki otagly jaý aldym. Häzir bolsa galan dört çagamyň ýokary bilim almagy üçin şol jaýy satmaly bolarmykam diýýärin. Oňa çenli belki Russiýa işlemäge dolanmak problemasy çözüläýedi-dä" diýip, Madiso gürrüň berýär.

Täjigistan açlyk gozgalaňynyň bosagasyndamy?

Bilermenleriň aýtmagyna görä, geljek 10 ýylyň dowamynda Merkezi Aziýanyň ýagdaýynda häzirkisinden ullakan bir üýtgeşiklik bolmaz. Ýöne garyplyk we işsizlik adamlary has biynjalyk eder. Russiýanyň jemgyýetçilik palatasynyň agzasy we Syýasy barlaglar institutynyň müdiri Sergeý Markowyň pikrine görä, sebitde rewolýusiýa bolmaz. Ýöne gaty çynlakaý üýtgeşmeler bolup biler.

Rus politology: "Sebitiň döwlet ýolbaşçylary, ylaýta-da Nursoltan Nazarbaýew we Yslam Karimow, elbetde, olaryň ýaşy bireýýäm bir çene yetdi. Ýöne şonda-da ýene 10-15 ýyl hökmürowanlygyny dowam etdirmek üçin ellerinden gelenini edýärler. Gyrgyzystanda durnuklylyk saklanar we muny Russiýa üpjün eder. Täjigistanda Emomali Rahmonyň režimi hem saklanyp galar. Ýöne indi birden çykgynsyz ýagdaý bolaýanda ol häkimýeti öz ogluna tabşyryp biler" diýýär.

Alibek Jekşenbekow

Ýöne Gyrgyzystanyň owalky daşary işler ministri Alibek Jekşenbekow "Gürrüňsiz, geljek on ýylda Merkezi Aziýada häkimýete täze nesliň liderleri geler. Sebitiň ýurtlarynyň ondan soňky ykbaly bolsa, olaryň kim boljagyna, ýagny häzirkileriň çagalarymy ýa-da başga adamlar boljagyna bagly bolar" diýip, gaty ynamly garaýyş beýan edýär.

Rus politology Daniil Kislow hem ýene 10 ýyldan syýasy arenadan Nursoltan Nazarbaýew we Yslam Karimow ýaly liderleriň [syýasy arenadan] gitjekdigi baradaky pikirleri goldaýanlardan. Ýöne ol ýurtlarda syýasy ulgam we döwletiň dolandyrylyşy üýtgärmi diýen esasy sowal döreýär? Hut şu nukdaýnazardan Merkezi Aziýada köne režimiň synandan soň öňegidişlik üçin täze mümkinçilik dörejek ýeke-täk ýurt - Gazagystan bolar. "Meniň pikirimçe, Nazarbaýewiň gitmegi bilen ol ýurtda içerki uruş bolmazmyka diýýärin. Ýerli syýasy elita öz arasynda ylalaşyp biler we reformalar durmuşa geçirilmäge başlanar diýip umyt edýärin" diýip, bilermen nygtaýar.

Daniil Kislowyň garaýşyna görä, ýene 10 ýyldan Özbegistanda we Türkmenistanda haýsam bolsa bir üýtgeşiklige garaşmaly däl. Özbegistanda polis we howpsuzlyk gulluklary, salgyt polisi we beýleki hukuk goraýjy organlar bilen dürli wezipedäki çinownikler umumy ýagdaýy diýseň berk düzgünde saklaýarlar. Şeýlelikde Yslam Karimowyň syýasy arenadan gitmegi bilen olar özlerine bähbitli bar bolan ulgamyň üýtgemezligi üçin bar güýjüni ulanarlar.

"Türkmenistandaky syýasy ulgam bolsa geljek 50-100 ýylda hiç hili üýtgemez. Munuň iki sebäbi bar. Bu ýurtda dünýäniň iň baý tebigy gaz ätiýaçlyklary bar. Şonuň üçinem ony öz bähbidine ulanýan türkmen elitasy ýene onlarça ýyllap bol-telki ýaşamagy dowam eder. Beýleki bir sebäbem, ýagny halkyň syýasata geleňsizligi muňa goltgy berer" diýip, Daniil Kislow aýdýar.

Bilermeniň bellemegine görä, Gyrgyzystan geljek on ýylda saýlawlary başdan geçirip, demokratiýa we parlamentarizm ýolunda öňe gider ýa-da Bişkek hökümeti hut Kremliň görkezmesi boýunça ýurdy dolandyrar.

Kislowyň pikirine görä, Täjigistan Merkezi Aziýanyň garyplyk, ykdysadyýetiň ýaramazlaşmagy we diktatorlyk režimiň hasam berkemegi taýdan "iň aýylganç problemaly" ýurdy. Ol, ýurduna dolanyp gelýän migrantlaryň sanynyň hasam köpeljekdigini belläp, ýöne olaryň iş tapyp bilmeýändigi sebäpli geljekde "açlaryň" topalaňynyň turup biljekdigini aýdýar.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG