Sepleriň elýeterliligi

Öwüşgünli dabaralar gurnamak çäklendirildi


Bu ýyl Özbegistanda oraza aýy boýunça kafe, restoran we şol sanda hem metjitlerde halk üçin agzaçarlar gurnalmaz.

Bu ýyl Özbegistanda oraza aýy boýunça kafe, restoran we şol sanda hem metjitlerde halk üçin agzaçarlar gurnalmaz.

Özbegistanda agzaçarlar barada çäklendirmeler girizildi. Şol bir wagtyň özünde Gyrgyzystanda däp-dessurlary, dabaralary we yrymlary täzeden düzgünleşdirýän kanun teklibi özüne goldaw tapmady. Täjigistanda bolsa 2007-nji ýylda çykarylan şeýle kanun ýygy-ýygydan bozulýar.

Bu ýyl Özbegistanda oraza aýy boýunça kafe, restoran we şol sanda hem metjitlerde halk üçin agzaçarlar gurnalmaz. Azatlyk Radiosynyň Gazak gullugynyň ýazmagyna görä, dini guramanyň girizen bu çäklendirmesi häzirlikçe bir nesihat aýratynlygyna eýe.

Özbek agzaçary

Azatlyk Radiosynyň Özbek gullugy: "Dini guramanyň başlygynyň orunbasary Abdulaziz Mansuryň aýtmagyna görä, hökümetiň muňa bir dahyly ýok. Bu hut dini guramanyň beren bir nesihaty" diýip, maglumat berýär.

“Pygamberimiziň döwründe agzaçarlar özüni ibaly eklemäge gurby çatmaýan garyp-gasarlar üçin gurnalypdyr. Biziň döwrümizde bolsa bu adat şowhunly dabara öwrüldi. Biz şeýle nesihat berdik we häkimlikler hem şowhun-şagalaňly agzaçar gurnalmagyny gadagan etdiler. Bu ýyl restoranlarda we iýip-içilýän ýerlerde agzaçarlar berilmez” diýip, Abdulaziz Mansur nygtapdyr.

Daşkendiň bir restoranynyň wekili bolsa, hut häkimligiň görkezmesi boýunça şeýle çäreleriň geçirilýändigini öňe sürüpdir.

“Biz eýýäm iki ýyldan bäri agzaçar bermeýäris. Häkimlikden ýörite agzaçar gurnamak gadagan diýen bir görkezme bar” diýip, Daşkentiň Çilonzarsk etrabynyň bir restoranynyň wekili gürrüň beripdir.

Daşkentiň ýene bir restoranynyň wekili bolsa, özüniň şeýle gadagana garşydygyny bildiripdir. Ol, restoranlarda agzaçar etmek isleýänleriň diýseň köpdügine üns çekipdir.

“Şäherde adamlar uzak günläp işde. Häzir gaty jöwzaly yssy bar. Restoranlarda bolsa gerek bolan ähli amatly şertler döredilen. Agzaçary aslynda oraza aýynyň başynda we ahyrynda, ýagny gutaryp barýarka birnäçe gün gurnamaga rugsat berilse gaty gowy bolardy. Ýöne gynansagam häkimlik muny gadagan edýär” diýip, restoranyň wekili aýdypdyr.

Dini guramanyň başlygynyň orunbasary Abdulaziz Mansuryň aýtmagyna görä, bu ýyl şol sanda metjitlerde hem agzaçar berilmez. Owalky orazada "Minor" atly metjitde berlen agzaçara gatnaşan bäş ýüz adamyň düşürlen suraty geçen ýyl sosial ulgamlarda gaty uly gyzyklanma döredipdir.

Özbegistanda indi üç ýyldan bäri köpçülik ýerlerde agzaçar berilmegi gadagan edilip gelinýär. Öz öýünde agzaçar bermek isleýänler arçyndan hökmany suratda ýörite rugsat almaly. Onsoňam agzaçara çagyrlan adamlaryň sany 20-den köp bolmaly däldir.

Özbegistanda geçen ýylyň iýul aýynda şonuň ýaly-da toýlardaky gelnaljy kerwenine garşy hem kampaniýa başladylypdyr. Prezident Islam Karimow 1990-njy ýylyň ahyrynda çykaran ýörite bir permanynda maşgala dabaralarynyň we üýşmeleňleriniň çykdaýjylaryny çäklendirmegi tabşyrypdyr. Daşkentiň şäher häkimligi bolsa 2012-nji ýylda toýlaryň, maşgala dabaralarynyň we sadakalaryň geçirilmeginiň düzgünini çykarypdyr. Ýurtda şonda-da edil häzirki döwürde hem raýatlaryň arasynda toý-dabaralaryň geçirilmeginde özara bäsleşigiň dowam edýändigi göze ilýär.

Kanuna görä däp-dessurlara uýmak

Gyrgyzystanyň mejlisi 1-nji iýunda "Däp-dessurlaryň, dabaralaryň we sadakalaryň täzeden düzgünleşdirilmegi" atly täze kanun taslamasyny oňlamandyr. Ol täze kanun taslamasy, döwlet işgärleriniň çakdanaşa çykdaýjy etmeginiň öňüni almagy maksat edinipdir. Täze kanun taslamasy, çykdaýjylaryň we çagyrylan adamlaryň sanynyň çäklendirilmegini göz öňünde tutypdyr.

Meselem, täze kanun taslamasyna görä, täze bir çaga dünýä inende gurnalýan "bäbek toýy" diňe onuň maşgalasy öz arasynda gurnamaly edilipdir. Täze kanun taslamasynda şol bir wagtyň özünde sadakalarda we sünnet toýda çagyrylan myhman sanynyň 100 adamy geçmeli däldigi aýan edilipdir. Şeýle-de täze kanun taslamasyna görä, toýa çagyrylanlaryň sanam 150 adamy geçmeli däldir. Şol bir wagtyň özünde sowgatlara edilýän çykdaýjylar hem çäklendirilipdir we ummasyz köp çykdaýjy etmek gadagan diýlipdir. Gelnaljy kerweninde bolsa bäş awtoulagdan köp ulag bolmaly däldir. Onsoňam gelni gaýtarmaga gatnaşýanlaryň sanam 50 adamy geçmeli däldir.

Täze kanun taslamasyna görä, diňe jenaza gatnaşjak adamlaryň sany çäklendirilmändir. Ýöne kanunyň bir maddasynda merhum jaýlanýan mahaly mal soýulmagy gadagan edilipdir. Onsoňam merhumyň üçine, ýedisine, kyrkyna çagyrlanlaryň sanynyň 100 adamdan köp bolmaly däldigi aýan edilipdir.

"Däp-dessurlaryň, dabaralaryň we sadakalaryň gurnalmagynyň täze düzgüni" atly kanun taslamasy şeýlelik-de 1-nji iýunda Gyrgyzystanyň mejlisinde halk wekilleri tarapyndan tassyklanmandyr. Sese goýulşykda 70 halk wekili garşy çykypdyr. Täze kanunyň kabul edilmegi üçin diňe 42 halk wekili ses beripdir.

Täjigistanda bolsa däp-dessurlar bilen üýşmeleňleri täzeden kadalaşdyrýan kanun 2007-nji ýylda kabul edilipdir. Ol kanun, toý-dabaralar bilen dini çäreleriň we çaga toýy ýaly üýşmeleňleriň gurnalmagyna çäklendirme girizipdir.

Kanun şol bir wagtyň özünde "bukja açmak", gelniň joralarynyň üýşmeleňi, gudalaryň duşuşygy ýaly üýşmeleňleriň gurnalmagyny hem gadagan edipdir.

Kanuna görä, toýa çagyrlan adamlaryň sany 200-den köp bolmaly däl we onuň dowam edýän wagty hem üç sagady geçmeli däl. Resmiler, şeýle çäklendirmeleriň jemgiýetiň iň pes gatlagynyň toý üçin mejbury ýagdaýda bergä batmagynyň öňüni aljakdygyny pikir edýärler.

Ýöne ýurtda däp-dessurlara uýulmagynyň täze düzgüni baradaky kanuna eýerilmeýän halatlaram bolýar. Täjik häkimýetleriniň hasabatyna görä, geçen ýyla çenli şeýle kanuny bozandygy üçin iki müňden köp adama jerime salnypdyr.

Gazagystanda bolsa däp-dessurlara eýerilmegi we adaty üýşmeleňleriň gurnalmagy barasynda hiç hili çäklendirme ýok. Ýöne ýurtda sosýal ulgamlarda toýlarda gelnaljy kerweniniň öňüni çekýän ulagy sürýäniň ýol hereketi düzgünini bozýandygy baradaky wideolar has köp ýaýradylýar. Geçen ýyl şeýle temadaky bir wideo sebäpli, ogluny öýeren içeri işler ministrliginiň bir işgäriniň öz wezipesinden boşadylandygy hem mälim edilýär.

XS
SM
MD
LG