Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ponomarýow: Dymmak netije bermeýär


"Olar arza ýazman, dymyp oturan bolsalardy, belki-de gadagançylyk häzire çenli hem saklanyp galardy"
"Olar arza ýazman, dymyp oturan bolsalardy, belki-de gadagançylyk häzire çenli hem saklanyp galardy"

Türkmen häkimiýetleri bosgunlykdaky dissident Pirimguly Taňrygulyýewiň maşgala agzalarynyň garşysyna girizilen 13 ýyllyk syýahat gadaganlygyny ýatyryp, olaryň ýurtdan çykmagyna rugsat berdiler.

Ýeri gelende bellesek, halkara hukuk goraýjy toparlaryň ençemesi Pirimguly Taňrygulyýewiň Türkmenistandaky maşgala agzalarynyň meselesini yzygiderli gozgap gelýärdiler.

Şeýle toparlaryň biri hem “Memorial” guramasydyr. Onuň Merkezi Aziýa boýunça programmasynyň müdiri Witaliý Ponomarýow Taňrygulyýewiň maşgala agzalarynyň Türkmenistandan çykmak ugrundaky tejribesi barada gürrüň berdi.

Azatlyk Radiosy: Witaliý, Pirimguly Taňrygulyýewiň maşgalasy 13 ýyldan soň Türkmenistandan çykmagy başardy. Bilşimiz ýaly, türkmen häkimiýetleri, halkara jemgyýetçiliginiň nägileligine garamazdan, soňky wagta çenli olary ýurtdan çykarman saklapdylar. Pirimguly Taňrulyýewiň gyzy Aýjemalyň üç we 11 ýaşlaryndaky gyzlary bilen Türkmenistandan çykmak boýunça başdan geçirenleri barada gürrüň beräýseňiz?

W. Ponomarýow: Mendäki maglumatlara görä, olar iki gezek dagy Türkmenistanyň Migrasiýa gullugyna arza bilen ýüz tutdular.

Birinji arza geçen sentýabryň aýagynda ýollanyp, onda [Taňrygulyýewiň gyzy] Aýjemalyň näme sebäpden ýurduň daşyna goýberilmeýändigi soralypdy. Bu hata iki aýdan soň jogap gelip, onda “degişli gulluklar tarapyndan siziň ýurtdan çykmagyňyza gadaganlyk girizildi” diýip, umumy görnüşde maglumat berlipdi.

Şu ýylyň aprelinde [Aýjemal] ýene bir gezek [Türkmenistanyň Migrasiýa gullugyna] ýüz tutup, bu gadagançylygyň nämäniň esasynda we ‘haýsy degişli gulluk’ tarapyndan girizilendigini, gadagançylygyň haçana çenli dowam etjekdigini sorady.

Apreliň aýagynda gelen jogapda Aýjemala, şeýle hem onuň maşgalasyna ýurduň daşyna çykmakda indi hiç hili çäklendirmeleriň ýokdugy habar berildi.

Elbetde, bu ýerde halkara faktorynyň täsiriniň bolandygyny hem nygtamak gerek. Emma, olar arza ýazman, dymyp oturan bolsalardy, belki-de gadagançylyk häzire çenli hem saklanyp galardy.

Azatlyk Radiosy: Bular ýaly ýagdaýlar başga-da bolupmydy?

W. Ponomarýow: Geldi Kärizow hem ýurtdan näme sebäpden çykarylmaýandygyny sorap, ençeme gezek Türkmenistanyň Migrasiýa gullugyna arza bilen ýüz tutupdy. Onuň hatlaryna-da umumy bir görnüşde jogaplar berlipdi.

Emma Kärizowyň soňky arzasy bilen baglylykda türkmen häkimiýetleri garaşylmadyk ýagdaýda öz pozisiýasyny üýtgetdiler. Bu hem Geldi Kärizowyň aýalynyň bir halkara konferensiýasynda bu meseläni gozgap çykyş etmeginiň öňüsyrasy boldy.

Şol bir wagtda Kärizowyň, dymman, häkimiýetlere yzygiderli ýüz tutup durmagynyň özi hem bu ýagdaýlaryň oňaýly çözülmegine täsir etdi.

Başga bir tarapdan, [türkmenistanlylaryň] aglabasynyň gorkup, häkimiýetlere ýüz tutmaýandygyny hem aýdyp geçmelidiris.

Türkmen häkimiýetleri Günbatar bilen has içgin işleşmäge taýýarydygyny äşgär etjek bolanlarynda, göz üçin-de bolsa, özünde bar bolan arzalaryň ençemesi boýunça oňaýly çözgüt kabul edýärler.

Eger-de [häkimiýetlere] ýüz tutulmasa, onda ýagdaýlaryň gowulyga özgerjekdigine onlarça ýyllap hem garaşyp bolar.

Azatlyk Radiosy: Soňky ýagdaýlar nazara alnan-da, türkmen häkimiýetleriniň ‘gara sanawa’ goşulan şahsyýetler babatynda eglişige gelip başlandygyny aýdyp bilersimi?

W. Ponomarýow: Bu ugurda nähilidir bir tendensiýanyň göze ilýändigini aýdardan entek gaty ir.

Ýöne, başga bir tarapdan, türkmen hökümetiniň özüniň Günbatardaky abraýyny artdyrmak ugrunda tagallalary edip başlandygyny bellemelidiris. Munuň netijesinde Türkmenistandaky beýleki adamlara garşy girizilen gadagançylyklara hem täzeden seretmäge mümkinçilik döreýär.

XS
SM
MD
LG