Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Moldowa rus sanksiýalarynyň saklanmagyna çagyrýar


Nikolae Timofti
Nikolae Timofti

Moldowanyň prezidenti Nikolae Timofti Ýewropa Bileleşigini Orsýete garşy girizilen ykdysady sanksiýalary saklamaga çagyrdy.

Ol Moldowanyň Transdniýester regiony Kremliň separatist konfliktine meçew bermekdäki «ilkinji synagy» boldy diýdi.

Timofti 10-njy iýunda sapar edýän çeh premýer-ministri Boguslaw Sobotka bilen duşuşyk mahalynda Moskwanyň sanksiýalara sebäp bolanukrain krizisinden has ozal Transdniýesterde garaşsyzlyk tagallalaryny goldandygyny aýtdy.

Şeýle-de ol bu ýagdaýyň Moldowanyň Ýewropa Bileleşigine integrirlenmek tagallalaryna bökdenç bolýandygyny belledi.

"Orsýetiň bu zonada öz täsirlerini saklap galmaga çalyşmagy Moldowanyň Ýewropa Bileleşigi bilen gatylyp-garylmagynyň öňündäki çynlakaý päsgelçilik» diýip, ol aýtdy.

Şu sebäpden ol Orsýete garşy girizilen ABŞ we ÝB sanksiýalarynyň ýatyrylmaly däldigini aýtdy diýip, onuň edarasynyň ýaýradan beýanatynda aýdylýar.

XS
SM
MD
LG