Owganystanyň gündogaryndaky Nangarhar welaýatynda oba metjidinde bolan partlama azyndan dört adamy öldürdi, 40-a golaý adamy bolsa ýaralady diýip, Owganystanyň Içeri işler ministrligi 10-njy iýunda aýtdy.
Bu partlama Rudat etrabynyň Hisara obasynyň erkekleri juma namazyna toplanan wagtynda boldy diýip, ministrlik aýtdy.
Ölenleriň arasynda metjidiň ymamy hem bar.