Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Sawçenko: Ukraina irki parlament saýlawyny geçirmeli


Nadia Sawçenko adalatly saýlawa çagyrýar.
Nadia Sawçenko adalatly saýlawa çagyrýar.

Ukrainanyň harby awiatory, maýda deputat kasamyny kabul eden Nadia Sawçenko, ýurduň syýasatyna «täze gan» getirmek üçin, irki parlament saýlawlarynyň geçirilmegi gerek diýýär.

Sawçenko bu pikiri AP habar gullugy bilen 10-njy iýunda eden söhbetdeşliginde aýtdy.

«Ukrain halky häzirkisinden has gowy hökümete mynasyp» diýip, ol aýtdy.

Sawçenko Kiýewdäki hökümetiň jemgyýetçiligiň 2014-nji ýylyň fewralynda çetleşdirilen orsýetçi hökümetden soň garaşan işlerini etmegiň hötdesinden gelmändigini aýtdy.

Sawçenko iki ýyla golaý rus tussaghanasynda oturdy we maýda, tussag çalşylmagy netijesinde, Kiýewde gahryman hökmünde garşy alyndy.

XS
SM
MD
LG