Sepleriň elýeterliligi

Siriýa: Saýýida Zaýnaba hüjüm edildi


Ýaraly çagasyny hassahana getiren ene

Ýaraly çagasyny hassahana getiren ene

Siriýanyň mediasy 11-nji iýunda Damaskyň eteginde, Siriýanyň iň mukaddes musulman guburynyň ýerleşýän ýerinde bolan partlamada azyndan 8 adamyň ölüp, onlarça adamyň ýaraly bolandygyny aýdýar.

Janyndan geçen bombaçynyň hüjümi we aýratyn ulag bombasynyň partlamasy Saýýida Zaýnap guburhanasynyň girelgesinde bolupdyr.

Bu ýer dünýä şaýylarynyň ybadat edýän mukaddesligidir.

Siriýanyň Adam hukuklary obserwatoriýasy, Britaniýada ýerleşýän gözegçi topar, bu partlamalarda 20 adamyň ölüp, 30 adamyň ýaraly bolandygyny aýtdy.

Hüjümiň jogapkärçiligini YD öz boýnuna aldy diýip, "Yslam döwleti" topary bilen iltewli Amak habar gullugy aýtdy.

XS
SM
MD
LG