Sepleriň elýeterliligi

Bangladeş 900 adamy tussag etdi


Dhaka, metjitde ertirlik nahara taýýarlyk. 9-njy iýun, 2016

Dhaka, metjitde ertirlik nahara taýýarlyk. 9-njy iýun, 2016

Bangladeşiň polisiýasy, ganly hüjümlerden soň, jeňçilere garşy görülýän çäreleriň çäginde 900 çemesi adamy tussag edendigini aýdýar.

Polisiýa 10-njy iýunda yslamçy jeňçileri tussag etmäge gönükdirilenbir hepdelik kampaniýa başlandygyny aýtdy.

Soňky günlerde edilen hüjümlerde 40 çemesi adam, şol sanda blogçylar, alymlar, dini azlyklaryň wekilleri öldürildi.

Pidalaryň soňkusy hindi ybadathanasynyň 60 ýaşyndaky işçisi boldy, ol 10-njy iýunda Pabna etrabynda çapylyp öldürildi.

Hökümet BNP we "Jamaat-yslam" oppozisiýa partiýalaryna ilteşikli jeňçileriňýurtda durnuksyzlyk döretmäge çalyşýandyklaryny aýdýar.

«Yslam döwleti»we «Al-Kaýda» ýaly jeňçi toparlar bu ýurtda guralan käbir ganly hüjümleriň jogapkärçiligini öz üstlerine aldy.

XS
SM
MD
LG