Sepleriň elýeterliligi

Azat Ýewropa/Azatlyk radiosyna prezident bellenildi


Tom Kent

Tom Kent

«Associated Press» habar gullugynyň baýry žurnalisti Tom Kent Azat Ýewropa we Azatlyk radiosynyň prezidenti wezipesine bellenildi.

Kent AP habar gullugynyň düzüminde 40 ýyldan gowrak işledi, Moskwada býuro başlygy, halkara redaktor, dolandyryjy redaktoryň orunbasary, standartlar redaktory bolup işledi.

Azat Ýewropa/Azatlyk radiosynyň direktorlar geňeşiniň başlygy Jef Şel 10-njy iýunda bu habary yglan edip, Kentiň «digital habar ýaýrawynda geçen ýoluna we bileleşip ýolbaşçylyk etmek usulyna» ýokary baha berdi.

Azat Ýewropa/Azatlyk radiosy ABŞ tarapyndan maliýeleşdirilýän bäş radiogepleşikler guramasynyň biribolup, onuň missiýasy dünýä ýüzünde demokratiýa we söz azatlygyna goldaw bermekden ybarat.

XS
SM
MD
LG