Sepleriň elýeterliligi

Türkmen-owgan toparynyň düzümi tassyklandy


Aşgabat, haly bazary

Aşgabat, haly bazary

Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-owgan topary 15-nji iýunda owgan paýtagty Kabulda özüniň 6-njy mejlisini geçirer. Bu barada TDH habar berýär.

Türkmenistanyň prezidenti G.Berdimuhamedowyň anna güni geçiren hökümet maslahatynda gol çeken permanyna laýyklykda, hökümet başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň prezidentiniň ýanyndaky nebit-gaz serişdelerini dolandyrmak we peýdalanmak baradaky döwlet agentliginiň direktory Ý.Kakaýew, şeýle-de türkmen delegasiýasynyň agzalary 13-16-njy iýun aralygynda Kabulda iş saparynda bolarlar.

Şeýle-de prezident Berdimuhamedowyň Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-owgan toparynyň türkmen böleginiň düzümini tassyklandygy habar berilýär.

XS
SM
MD
LG