Sepleriň elýeterliligi

Türkmenistandaky türk tejribeleri


Türkmenistanda tussag edilen türk sürüjisi

Türkmenistanda tussag edilen türk sürüjisi

Türkmenistanda onlarça türk firmasy işleýär. Stambul bazarlary bolsa Türkmenistany haryt bilen üpjün edýän esasy çeşmeleriň başyny çekýär.

Türkiýe bilen Türkmenistanyň arasyndaky iş gatnaşyklarynyň ýygjamlanmagy bilen, Türkmenistanda ýaşamaga başlan türkleriň hem köpelendigi aýdylýar.

Şeýle ýagdaýda Türkmenistanda ýaşaýan türkler ol ýerde özüni nähili duýýar? Türkmenistanda türk bolup ýaşamak nähili? Türkmenistanda ýaşaýan we işleýän türkler nähili tejribeleri başdan geçirýärler? Türkmenistandaky türkleriň resmiler we ýönekeý halk bilen gatnaşyklary nähili?

Azatlyk Radiosy "Dünýä türkmenleri" gepleşiginiň nobatdaky sanyny Türkmenistandaky türkleriň başdan geçirýän durmuş tejribelerine gönükdirdi.

Söhbetdeşligi diňläp, pikir-tejribeleriňizi paýlaşsaňyz, hoşal bolarys.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG