Sepleriň elýeterliligi

Eýran Kanadanyň sud kararyny ýazgarýar


Eýranyň Daşary işler ministrliginiň sözçüsi Jaber Ansari

Eýranyň Daşary işler ministrliginiň sözçüsi Jaber Ansari

Eýran Kanada sudunyň Tähranyň Kanadadaky diplomatik däl aktiwlerini Palestinanyň yslamçy “Namaz» we Liwanyň «Hizbulla» toparlarynyň jeňçilerinden görülýän hüjümleriň pidalaryna bermek kararyny ýazgaryp çykyş etdi.

Sud Tähranyň bu guramalara howandarlyk edýändigini aýdýar. Eýranyň Daşary işler ministrliginiň sözçüsi Jaber Ansari 11-nji iýunda bu kararyň «Kanadanyň hökümetiniň halkara borçnamalaryna ters gelýändigini» aýtdy.

Ansari "Kanadanyň Ontario ýokary sudunyň karary Kanadanyň täze hökümetiniň Eýran bilen gatnaşyklary kadalaşdyrmak barada aýdan beýanatyna hem ters gelýär diýdi» diýip, IRNA habar gullugy ýazýar.

Kanada sudunyň 10-njy iýundaky kararyndaEýranyň diplomatik däl 13 million dollar serişdesiniň Buenos Aýresde, Ysraýylda, Liwanda we Saud Arabystanynda 1983-2002-nji ýyllar aralygynda bolan partlamalarda we zamun almalarda ölen amerikanlaryň maşgalalaryna berilmegi buýruldy.

XS
SM
MD
LG