Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Kabul ABŞ güýçleriniň kömegini gutlaýar


 General Daulat Waziri
General Daulat Waziri

Owganystan Waşingtonyň ABŞ-nyň ýaragly güýçlerine «Talyban» bilen söweşýän owgan goşunlaryna kömek etmek üçin has kän ygtyýar bermek kararyny gutlady.

Goranmak ministrliginiň sözçüsi Daulat Waziri 11-nji iýunda AFP habar gullugyna «ABŞ güýçleriniň goşulmagy biziň gury ýerdäki operasiýalarymyzyň mümkinçiligini artdyrar» diýdi.

Waziri "Biziň has kän pyýada goşun zerurlygymyzyň bolmazlygy-da mümkin, emma bize olaryň geňeşçileri we biziň howa güýçlerimizi enjamlaşdyrmagy gerek» diýdi.

Prezidentiň sözçüsi Şah Hussain Murtazawi bolsa 11-nji iýunda dpa habar gullugyna «Owgan güýçlerine, aňtaw-razwedka maglumatlary kömegi bilen bir hatarda, amerikan ýaranlarynyň howa hem gury ýer goldawy gürrüňsiz gerek» diýdi.

Ak tam amerikan güýçleriniň Owganystanda täze missiýa baş goşmaýandygyny, emma olaryň owgan hökümet güýçlerini howadan hem gury ýerde has aktiw goldajagyny aýdýar.

XS
SM
MD
LG