Sepleriň elýeterliligi

Gazak häkimiýetleri ýene iki şübhelini tutdy


Aktobe, howpsuzlyk ofiseri

Aktobe, howpsuzlyk ofiseri

Gazagystanyň howpsuzlyk güýçleri, ýaragly adamlaryň Aktobede gurnan ganly hüjüminden alty gün soň, güman edilýän terrorçylaryň ýene ikisini tussag edendiklerini aýdýarlar.

Gazagystanyň Milli howpsuzlyk komiteti soňky tussag etmeleri öz websaýtynda, 11-nji iýunda yglan etdi.

Resmi habarda Aktobe şäheriniň golaýynda 5-nji iýunda bolan terror hüjümleri bilen baglylykda geçirilen reýd mahalynda ýene iki güman edilýäniň tussag edilendigi aýdylýar.

Häkimiýetler 6-njy iýunda Aktobede guralan hüjümlere garşy operasiýa başladylar.

Ilki bäş jeňçiniň öldürilendigi aýdyldy, soň bu hüjümler bilen bagly ölenleriň sany, hüjümçiler bilen bilelikde, 25 adama ýetdi.

XS
SM
MD
LG