Sepleriň elýeterliligi

Belgradda $3 milliardlyk proýekte protest bildirildi


Protestçiler "Belgrad – biziň şäherimiz: diýdiler.

Protestçiler "Belgrad – biziň şäherimiz: diýdiler.

Serbiýanyň paýtagty Belgradda 11-nji iýunda müňlerçe adam toplanyp, Belgradyň iň bir gelim-gidimli ýerleriniň biriniň Birleşen Arap Emirliklerinden maliýeleşdirilen proekt zerarly ýykylmagyna garşy ýene bir protest geçirildi.

Protestçiler Belgradyň häkimi Silisa Maliniň işden çekilmegini, aprel aýynda gijäniň garaňkysyna bukulyp jaý ýykylmagynyň arkasyndaky adamlaryň jogapkärçilige çekilmegini talap etdiler.

24-nji aprelde sungat we gije durmuşy etraby bolan Sawamalada birnäçe bina, ýüzi perdeli, syrly adamlar tarapyndan, gije ýykylyp aýryldy.

Olar «Perdeler syryldy, hökümet haçan aýrylar?» «Belgrad – biziň şäherimiz» diýen ýazgyly şygarlary galdyrdylar.

XS
SM
MD
LG