Sepleriň elýeterliligi

Prezident Putin baýrak gowşurýar


Prezident Wladimir Putin (S) Tamara Melnikowany sylaýglaýar.

Prezident Wladimir Putin (S) Tamara Melnikowany sylaýglaýar.

Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin 12-nji iýunda bellenilýän Orsýet gününde alymlara, hudožniklere we edebiýatçylara 2015-nji ýyl üçin Russiýa Federasiýasynyň Milli sylaglaryny gowşurýar.

Bu 1990-njy ýylda Orsýetiň döwlet özbaşdaklygynyň jar edilen gününden bäri milli baýramçylyk hökmünde bellenilýän çäreleriň diňe biridir.

Moskwada, Kremliň uly zalynda gowşuryljak baýraklaryň arasynda 5 million rubl ($76,500), medallar we hormat hatlary bar.

Orsýet Federasiýanyň Milli baýragy döwlet sylagy bolup, Sowet Soýuzy darganyndan soň, 1992-nji ýylda döredildi.

Garaşsyz Lewada merkeziniň geçen ýyldaky pikir barlagyna görä, Orsýet gününi ilatyň diňe üç prosenti ýylyň möhüm baýramçylyklarynyň hataryna goşýar.

XS
SM
MD
LG