Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ: Orlando atyşygynda 20 adam öldi


Orlando atyşygy
Orlando atyşygy

12-nji iýunda irden Floridada, Orlandoda geýleriň mähellei gije klubynda bolan atyşykda azyndan 20 adam ölüp, 42 adam ýaraly boldy.

«Puls» klubynyň içinde howpsuzlyk goragçysy bolup işleýän polisiýa ofiseridaňdan sagat ikide güman edilýän bilen atyşdy.

Orlandonyň polisiýa başlygy John Mina ol ýere, zamun alnanlaryň telefon jaňlaryndan soň, polisiýanyň hüjüm toparyny ibermek kararynyň ir sagat 5-de kabul edilendigini aýtdy.

Ýaragly adam polisiýa tarapyndan öldürildi, emma ABŞ häkimiýetleri tarapyndan terror akty diýlip häsiýetlendirilen hadysanyňiçerki ýa halkara terror aktydygy, atyjynyň «ýeke möjek» bolup-bolmandygy aýdyň bolman galýar.

Şeýle-de, pidalaryň ählisiniň ýaragly adam tarapyndan atylandygy ýa-da polisiýa bilen atyşyk netijesinde wepat bolandygy belli däl.

XS
SM
MD
LG