Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Florida: Ok atyşykda 50 adam öldi


Birleşen Ştatlaryň Florida sebitindäki geý klubynda bolan ok atyşykda polisiýa wakanyň bola ýerini derňeýär.
Birleşen Ştatlaryň Florida sebitindäki geý klubynda bolan ok atyşykda polisiýa wakanyň bola ýerini derňeýär.

Ýaragly adam Floridada, geýleriň gije klubynda, polisiýa tarapyndan öldürilmezinden öň 50 adamy öldürdi. Bu ABŞ-nyň taryhynda iň ganly köpçülikleýin atyşyk boldy.

Orlandonyň häkimi Buddy Dyer 12-nji iýunda ölenlerden başga, "Pulse" klubynda bolan hüjümde 53 adamyň ýaraly bolup, hassahana ýerleşdirilendigini hem habar berdi.

Prezident Barak Obama bu hüjümi "terror hereketi we ýigrenç hereketi" hökmünde häsiýetlendirdi.

Obama ýaragly adamyň motiwleri barada entek gutarnykly kararyň elýeterli däldigini aýtdy we Ak tamda we federal binalarda baýdaklary ýarpy aşak goýbermegi tabşyrdy.

Polisiýa "Pulse" klubyna atyşyk bolanyndan üç sagat çemesi soň girdi we klubdaky adamlary zamun alan ýaragly adamy atyp öldürdi.

Polisiýa bu hüjümi terror hereketi hökmünde häsiýetlendirdi.

Hüjümçi hüjüm tüpeňi we el ýaragy, sapança bilen ýaraglanan eken diýip, Orange okrugynyň şerifi Jerry Demings aýtdy.

Häkimiýetler atyjynyň Omar S. Mateen diýlip tanalandygyny aýtdylar. ABŞ mediasy ony owgan asylly amerikan raýaty hňkmünde sypatlandyrdy.

şeýle-de ABŞ mediasy Nýu-Ýorkda doglan, Floridada ýaşaýan Mateeniň atyşykdan öň 911-e telefon edip, ekstremist "Yslam döwleti" toparyna kasam içendigini habar berdi.

Emma muňa garamazdan, ABŞ resmileri özleriniň bu atyşyk bilen YD-nyň ýa başga bir daşary ýurt ekstremist toparynyň arasynda göni baglanyşyk görmändiklerini aýtdylar.

CBS News neşiri onuň 1986-njy ýylda owgan ene-atadan doglandygyny, Florida ştatynda, Port St Luside ýaşandygyny aýtdy.

Güman edilýäniň kakasy öz oglunyň bu işi geýleri ýigrenýändigi üçin edendigine ynanýandygyny, muňa onuň musulman dininiň dahylynyň ýokdugyny aýtdy.

"Munuň dine dahyly ýok" diýip, Mir Seddikue NBC News neşirine aýtdy.

Seddikue öz oglunyň birki aýlykda Maýamide ogşaşyp duran iki erkegi görende gaharynyň gelendigini we bu atyşyk şunuň bilen bagly bolup biler diýip oýlanýandygyny aýtdy.

"Biz bu bolan tutuş hadysa üçin ötünç soraýarys" diýip, ol aýtdy. "Bizem tutuş ýurt ýaly aňk-taňk bolduk."

Floridanyň Kanunçylygy berjaý etmek baradaky departamentiniň jogapkär işgäri Danny Banks bu atyşygyň terror hereketi hökmünde derňelýändigini aýtdy.

Ol häkimiýetleriň bu hadysa içerkimi ýa-da halkara terror hereketi, atyjy ýeke hereket etdimi diýen soraglara jogap agtarýandyklaryny aýtdy.

FBI-niň, Federal derňew býurosynyň agenti Ronald Hopper hüjümçiniň radikal yslamçylyk ideologiýasyna "tarap gyşarmalary bar" bolarly diýdi.

Floridanyň senatory Marko Rubio Amerikanyň kanun goraýjylarynyň we aňtaw maglumatlaryny toplaýjylarynyň öňünde duran iň uly problemalaryň biri Birleşen Ştatlaryň içindäki ýowuz radikallara garşy göreşmek diýdi.

Prezident Barak Obama federal hökümete Florida polisiýasyna bu atyşygy derňemek üçin zerur bolan kömegi bermegi tabşyrdy diýip, Ak tam aýtdy.

Orlandonyň häkimi Dyeriň ölenler barada beren sanlary 2007-nji ýylda Wirjinianyň Tekniki kolležinde bolan atşykda heläk bolanlaryň sanyndan has kän, şonda 32 adam öldüpdi.

"Bu gün biz özümiziň hiç wagt akyla getirip bilmejek bir wakamyz bilen iş salyşýarys, bu akyla sygar ýaly däl" diýip, Dyer aýtdy. "Bu ýerde "örän uly weýrançylyk" we "hemme ýer gan."

XS
SM
MD
LG