Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Orlando: 50 adamy öldüren hüjümçiniň YD kasam edendigi aýdylýar


Orlandoda hüjümde wepat bolanlaryň hatyrasyna matam tutulýar, San Diego, Kaliforniýa, 12-nji iýun, 2016.
Orlandoda hüjümde wepat bolanlaryň hatyrasyna matam tutulýar, San Diego, Kaliforniýa, 12-nji iýun, 2016.

ABŞ-nyň Federal derňew býurosy (FBI) Florida ştatynyň Orlando şäherinde geý klubunda 50 adamy öldüren ýaraglynyň 12-nji iýulda köpçülikleýin gyrgynçylygy amala aşyrmakdan ozal adatdan daşary ýagdaýlar boýunça polisiýa jaň edip özüniň “Yslam döwleti” (YD) söweşiji topara kasam edendigi barada habar berendigini aýtdy.

FBI ýurduň taryhynda iň ganly hüjüme jogapkär adamyň ABŞ-da doglan 29 ýaşly owgan Omar Mateendigini anyklady.

Mateen gijeki klubda ok atyşygyň başlanmagyndan üç sagat geçensoň polisiýa tarapyndan atylyp öldürildi.

ABŞ-nyň prezidenti Barak Obama hüjümi “terrorçy hereket we ýigrenç hereketi” diýip atlandyrdy. Obama häkimiýetleriň bolan ýagdaýlary henizem derňeýändigini aýtdy, emma häkimiýetleriň “hüjümçiniň eden hereketiniň hakyky sebäpleri barada anyk maglumat tapmandygyny” aýtdy.

Orlandonyň häkimi Buddy Dyer hüjümiň netijesinde 53 adamyň keselhana düşendigini 12-nji iýunda habar berdi.

12-nji iýunda ABŞ-nyň resmileri derňewçileriň Mateeniň YD topary ýa-da beýleki halkara terrorçy guramalary bilen arabaglanyşygyny görkezýän hiç hili tassyknama tapmandygyny aýtdylar.

XS
SM
MD
LG