Sepleriň elýeterliligi

Eýran kürt gozgalaňçylarynyň öldürlendigini aýdýar


Kürtleriň howpsuzlyk güýçleri, Yragyň Diýala welaýaty

Kürtleriň howpsuzlyk güýçleri, Yragyň Diýala welaýaty

Eýranyň “Yslam rewolýusiýasynyň gwardiýasy” ýurduň Yrak bilen serhediniň golaýynda bäş sany kürt gozgalaňçysyny öldürendigini aýtdy.

13-nji iýunda çap bolan beýannamada öldürilen bäş adamyň “Kürdüstanyň azat durmuş partiýasynyň” (PJAK) agzalary bolup, bir aýdan gowrak wagt mundan ozal Eýranyň Basij harby toparynyň üç agzasynyň ölümine jogapkärdigi aýdyldy.

“PJAK terrorçy toparyndan bolan bäş adamyň...şahsyýeti anyklandy we olar Yrak bilen serhedindäki Sardaşt regionynda ýok edildi” diýlip, Eýranyň “Yslam rewolýusiýasynyň gwardiýasynyň” resmi websaýtynda habar berildi.

PJAK Yrakda ýerleşýän eýranly kürtleriň partiýasynyň Türkiýedäki “Kürdüstanyň işçi partiýasy” bilen gatnaşygy bar.

Onuň agzalary Eýranyň we Yragyň arasyndaky serhetde eýran goşuny bilen ýygy-ýygydan söweşýär.

Sentýabr aýynda bolan çaknyşykda “Kürdüstanyň azat durmuş partiýasynyň” iki söweşijisiniň we iki eýranly esgeriň wepat bolandygy habar berilipdi.

XS
SM
MD
LG