Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Owgan-pakistan serhedinde heläkçilikli çaknyşyk boldy


Torkham serhet geçelgesi, 2-nji iýun, 2016.
Torkham serhet geçelgesi, 2-nji iýun, 2016.

Pakistanyň we Owganystanyň esgerleriniň arasynda geçen gije Hyber serhet geçelgesinde bolan çaknyşykda azyndan bir adamyň wepat bolandygy habar berildi.

Owgan resmisiniň 13-nji iýunda aýtmagyna görä, iki ýurduň arasyndaky serhediň Torkham derwezesi atly geçelgesinde bolan çaknyşykda alty esger ýaralanypdyr.

Pakistan söweşde özüniň bir esgeriniň ýaralanandygyny aýtdy.

Çaknyşygyň 12-nji iýunda agşam sagat dokuzda ýüze çykyp, birnäçe sagatlap dowam edendigi habar berildi.

Owganystanyň baş dolandyryjy resmisi Abdylla Abdylla “biz ýakynda Pakistan bilen ok atyşygy bes etmek barada ylalaşdyk. Biz bu problemanyň diplomatik çykyşlaryň üsti bilen çözülmegine umyt baglaýarys” diýip Twitterde ýazdy.

Owgan resmileri Pakistany Kabulda hökümeti agdarmak isleýän “Yslam söweşijilerine” ýardam bermekde aýyplaýarlar.

Pakistan özüne garşy öňe sürülýän aýyplamalary ret edýär we Torkham şäheriniň golaýynda serhet geçelgesini gurup, söweşijileriň Owganystana geçmeginiň öňüni almaga synanyşýandygyny aýdýar.

Pakistanyň we Owganystanyň arasynda uzynlygy 2200 kilometrlik umumy serhedi bar.

XS
SM
MD
LG