Sepleriň elýeterliligi

Florida: 50 adamy öldüren hüjümçiniň YD kasam edendigi aýdylýar


Omar Matin.

Omar Matin.

Federal derňew gullugynyň (FBI) aýtmagyna görä, Orlandada bir gijeki klubda 49 adamy atyp öldüren Omar Matin adamlary gyrmazynda öň polisiýa jaň edip, özüniň "Yslam döwleti" atly jeňçi topara ýaranlyk kasamyny edenidigni aýdypdyr.

Birleşen Ştatlaryň taryhynda bolan iň gandöküşikli gyrgynçylygy eden Omar Matiniň asly owganystanly. Ol Birleşen Ştatlarda doglan amerikan raýaty.

Matin gyrgynçylykdan üç sagat soňra "Pulse" atly gijeki kluba dökülen polisiýa tarapyndan atylyp öldürildi.

Prezident Barak Obama hüjümi "terror hereketi" diýip atlandyryp, şeýle diýdi: "Bu bir terror hereketi we ýigrenç hereketidir. Biz amerikanlar öz gynanjymyzda, gahar-gazabymyzda we öz halkymyzy goramakda agzybirdiris".

"Yslam döwleti" atly topar

Obama häkimiýetleriň ähli faktlary öwrenýändigini aýtdy: "Biz häzir ähli faktlary öwrenýäris. Bu entek belli bir netijä gelinmedik derňew. Biz ganhoruň muny näme sebäpden edendigi hakda entek belli bir karara gelemzok".

Orlandanyň şäher häkimi Baddy Dýer 12-nji iýunda gijesi bolan gyrlyşykda ýene 53 adamyň ýaralanyp, keselhana düşendigini aýtdy. Onjuň bildirmegine görä, bularyň köpüsi agyr ýaraly.

"Yslam döwleti" atly topar hüjümi özüniň bir "esgeriniň" amala aşyrandygyny aýdýar. Ýöne hüjümçä bu terroristik topar tarapyndan görkezme berlipmi we onuň bilen türgenleşik geçirilipmi ýa ol bu işi bu jeňçi toparyň ekstremistik ideologiýasyna eýerip, özi edipmi, bu entek belli däl.

Demokratlaryň Kongresiň Aňtaw komitetindäki wekili Adam Şiff 12-nji iýunda giçlik derňewçileriň Matiniň "Yslam döwleti" topary ýa başga bir halkara terroristik gurama bilen aragatnaşykda bolandygy hakda biç bir subutnama tapmandygyny aýtdy.

Matiniň öňki aýaly

Onuň bellemegine görä, Matiniň "Yslam döwleti" toparynyň "buýrugy we kontrollygy astynda bolman" özi radikallaşan bolmagy ähtimal.

Matiniň ene-atasy Bireleşen Ştatlara Owganystandan baran immigrantlar. Ol Nýu Ýorkda doglupdyr, ýaşka hem maşgalasy Florida göçüp barypdyr.

Matin 2007-nji ýylyň 10-njy sentýabryndan başlap, Floridada bir hususy howpsuzlyk kompaniýasynda howpsuzlyk işgäri bolup işläpdir.

2009-njy ýylda Matin Özbegistanda doglan, söňra Birleşen Ştatlara göçüp baran Sitara Alişirzoda Ýusufä öýlenipdir.

Olar sanlyja aý bile ýaşanlaryndan soň aýrylyşypdyrlar. 2011-nji ýylda hem aýaly ondan resmi talak hatyny alypdyr.

"Bir ümsüm oglandy"

Floridada ýerleşýän Fort Piers yslam merkeziniň ymamy Şafik Rahman hem Matiniň hem-de onuň kakasynyň wagtly-wagtynda metijde namaza gelendiklerini aýdýar. Matin ýaňy 10-njy iýunda hem metjide namaza barypdyr.

Rahman "Washington Post" gazetine Matin "bir ümsüm oglandy. Ol hiç kim bilen gürleşmezdi" diýdi.

Matiniň kakasy Saddik Matiniň pikiriçe, oglunyň bu işi etmegine sebäp bolan yslam dini däl-de, onuň gomoseksuallary ýigrenendigi.

Matiniň kakasy "NBC" telekanalyna "muniň din bilen hiç bir ilteşigi ýok" diýdi.

Owgan prezidenti Aşraf Gani: "Näme-de bolsa, hiç bir halatda parahat ilaty öldürmek dogry däl" diýip, hüjümi ýazgardy.

XS
SM
MD
LG