Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Pakistanyň ruhanylary ar-namys dawasyna garşy fatwa cykardy


Pakistanyň Sünni Ittehad geňeşiniň agzalary
Pakistanyň Sünni Ittehad geňeşiniň agzalary

Pakistanly ruhanylaryň täsirli topary namys dawasy bilen bagly ar almaklyga garşy fatwa dini gadagançylygyny girizdi. Aýallara garşy bolan ençeme hüjüm ýurtda bidüzgünçilikleri tutaşdyrypdy.

Sünni Ittehad geňeşi geçen hepdede Lahorda ýetginjek Zeenat Bibiniň öz ejesi tarapyndan öldürilmegi ýaly ýagdaýlary “uly günä” diýip yglan etdi. Gyzyň ejesi ony ýaş oglan bilen tapansoň diriligine otlady.

“Bu biziň wagşylar döwrüne dolanmagymyzy aňladýar” diýip 100-den gowrak ruhanyny öz içine alýan geňeş 13-nji iýunda çap eden permanynda aýtdy.

“Aýalyň öz islegine görä durmuşa çykmagy üçin diriligine otlanmagy yslama nädogry düşünmekdir” diýlip bellendi.

Fatwa hökümeti ar-namys üçin öldürýänleri jezalandyrmaga çagyrýar.

Pakistanda her ýylda ýüzlerçe aýal maşgala namysyny goramak sebäpli öz garyndaşlary tarapyndan öldürilýär. Muňa baş goşýanlaryň köpüsi jogapkärçilige çekilmeýär.

XS
SM
MD
LG