Sepleriň elýeterliligi

BMG Floridadaky gyngynçylygy ýazgardy


"Pulse" geý kluby, Orlando

"Pulse" geý kluby, Orlando

BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşi Orsýetiň, Afrika we musulman ýurtlarynyň garşylygyna garamazdan Floridada geý klubunda köp adam pidaly ok atyşygy ýazgaryp, 13-nji iýunda çykyş etdi.

Howpsuzlyk Geňeşiň BMG-niň rezolýusiýasynyň taslamasynda bu hüjümi “adamlaryň öz jynsy aýratynlygy üçin hüjüme sezewar bolmagynyň netijesi” diýip atlandyrdy. “Yslam döwleti” (YD) toparyna kasam eden hüjümçi 12-nji iýunda 49 adamy atyp öldürdi.

Adam hukuklaryny goraýjy guramalar YD toparynyň onlarça geýi öldürendigini habar berdiler.

BMG azyndan 74 ýurtda geý bolmagyň jenaýat hasaplanýandygyny belledi. Dini azlyklaryň hak-hukuklary meselesi BMG-de çekleşikleri döredýän mesele bolup durýar.

Orsýet geý toparlaryň BMG-niň SPID boýunça konferensiýasyna gatnaşmagyny gadagan etmekde musulman ýurtlaryna ýakynda goşuldy.

XS
SM
MD
LG