Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Fransiýa: Polisiýanyň ýolbaşçysyna hüjüm edildi


Fransiýanyň polisiýasynyň wekilleri, Magnanwille, 14-nji iýun, 2016
Fransiýanyň polisiýasynyň wekilleri, Magnanwille, 14-nji iýun, 2016

Fransiýanyň ýokary wezipeli polisiýa ofiseri we onuň partnýory Parižiň etegindäki ýerde gije edilen hüjümde pyçaklanyp öldürildi, diýip resmiler 13-nji iýunda aýtdylar.

Hüjümçi hem öldürildi.

“Yslam döwleti” topary bilen bagly habar agentligi toparyň hüjüme jogapkärdigini aýtdy.

Polisiýanyň ýolbaşçysy Parižden 55 kilometr uzaklykda ýerleşýän Magnanwille atly ýerde öz öýüniň daşynda pyçaklanyp öldürildi, diýip Içeri işler ministrliginiň metbugat-wekili Pierre-Henry Brandet žurnalistlere aýtdy.

Polisiýanyň ýöriteleşdirilen topary hüjüme başlanda hüjümçi jaýyň içinde gizlenipdir.

Hüjümçiniň şahsyýeti we maksady barada dessine maglumat berilmedi.

Fransiýa Ýewropanyň beýleki ýurtlary ýaly söweşijileriň hüjümlerine sezewar bolýar, polisiýanyň ofiserleri we esgerler zorluga duçar bolýarlar.

XS
SM
MD
LG