Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Özbegistan tussag etnik ermeniniň aklawçysyny boşatdy


Olim Kobilowyň müşderisi Aramais Awakian
Olim Kobilowyň müşderisi Aramais Awakian

Özbek häkimiýetleri yslam ekstremizminde aýyplanan etnik ermeniniň aklawçysyny türmeden boşatdy.

Aklawçy Olim Kobilow mart aýynda tussag edilip, yzýany parahorlukda we para soramakda aýyplanyp, ýedi ýyl türme tussaglygyna höküm edilipdi.

Kobilow türmeden boşadylp, öz öýüne barandygyny 13-nji iýunda Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosyna telefon arkaly habar berdi.

Ferwal aýynda Kobilowyň müderisi etnik ermeni 34 ýaşly Aramais Awakian yslam ekstremizmi bilen bagly aýyplamalaryň esasynda Özbegistanyň Jizzak regionynda ýedi ýyl türme tussaglygyna höküm edilipdi.

Şeýle aýyplamalar esasynda tussag edilen ýene dört adama bäş ýarym we 12 ýyl aralygynda iş kesildi.

Olaryň arasynda diňe Awakiýan özüniň bigünädigini aýtdy.

Awakianyň garyndaşlary Pahtakor etrabynyň häkimiýetleriniň onuň balyk fermasyny elinden almak üçin iş gozgandygyny aýdýarlar.

XS
SM
MD
LG