Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ: YD toparyna maglumat beren kosowolynyň işi diňlener


Internet ulanyjy, ABŞ
Internet ulanyjy, ABŞ

“Yslam döwleti” (YD) atly toparyň bähbidi üçin ABŞ-nyň harby gullukçylarynyň kompýuterleriniň goragyny döwüp içine girmekde aýyplanýan Kosowonyň raýatynyň işiniň diňlenmegine garaşylýar.

Ardit Feriziniň işini ABŞ-nyň Wirginia ştatynyň Aleksandriýadaky etrap sudy 15-nji iýunda diňlär. Ferizi özüne garşy öňe sürlen terrorçylaryň maglumata eýe bolmagyna ýardam bermek we adamlaryň şahsy maglumatlaryny ogurlamak aýyplamalary ret etdi.

Prokurorlar Feriziniň hususy şirketiň sistemasyny döwüp, geçen ýylda 1300-den gowrak harby gullukçynyň atlaryny, elektron poçta girmek üçin gizlin maglumatlaryny we telefon nomerlerini YD toparyna berendigini aýdýarlar. YD topary şondan soň bu maglumatlary Twitterde çap edip “öz ýurduňyzda boýnuňyza urarys” diýip haýbatly duýduryş ýaýradypdy.

Ferizi oktýabr aýynda Malaýziada tussag edilip, ýanwar aýynda ABŞ alnyp barylypdy.

XS
SM
MD
LG