Sepleriň elýeterliligi

Dördünji klasyň okuwçysy Yslam Karimowa: "Agaran saçyňyza buýsanýaryn"


Özbegistanyň prezidenti Yslam Karimow.

Özbegistanyň prezidenti Yslam Karimow.

Fergana welaýatynda başlangyç bilim alýan bir okuwçy Özbegistanyň prezidenti Yslam Karimowa bagyşlap bir goşgy düzüpdir.

Azatlyk Radiosynyň Özbek gullugynyň ýazmagyna görä, Özbegistanyň Fergana welaýatynyň Kuwin etrabynyň 64-nji mekdebiniň 4-nji klasda okaýan okuwçysy Mahsuma Abdulahadowanyň prezidente bagyşlap düzen "Ýurtbaşy" atly dört bentden ybarat goşgusynyň wideoýazgysy soňky günlerde sosial ulgamlarda diýseň giňden ýaýrady.

Azatlyk Radiosynyň Özbek gullugyna mälim bolşuna görä, goşguly wideoýazgy ilki bilen tanymal aýdymçy Tahir Usmanowyň Instagram sosial ulgamdaky sahypasynda halka hödürlendi.

Mälim bolşy ýaly, Mahsuma Abdulahadowanyň goşguly wideoýazgysy Fergana welaýatynda geçirilen "Biz beýik ýurduň perzentleri" atly ýaşlar festiwalyna degişli bir çärede surata düşürilipdir.

Sosial ulgamda ýaýradylan wideoýazga Tahir Usmanow şeýle sözbaşy ýazypdyr: "Zulfin hanymyň Ferganaly şägirdi". (Zulfiýa - özbekleriň meşhur zenan şahyrasydyr)

"Biz beýik ýurduň perzentleri" atly ýaşlar festiwaly Özbegistanyň medeniýet we sport baradaky ministrligi, Özbegistanyň ýaşlarynyň "Kemalat" atly jemgyýetçilik hereketi, Ýaşlaryň medeniýet we sungat merkezi hem "Uzbeknawo" atly estrada birleşiginiň tagallasy bilen gurnalypdyr.

Okuwçy gyzjagaz Mahsuma goşgusynyň başynda Ýurtbaşyny (Yslam Karimowy) öz obasyna myhmançylyga çagyrýar.

Okuwçy gyzjagaz öz goşgusynda Karimowyň agaran saçyna buýsanýandygyny nygtap, onuň agaran her bir saçyna öz zülpüniň taryndan bermäge taýýardygyny aýdýar.

Däbe öwrülen zat

Mahsuma öz goşgusynda ulalanda Karimow hakda poema ýazjakdygyny söz berýär.

Özbegistanda resmi çykyşlarda prezident Yslam Karimow hakda "Biziň beýik prezidentimiz", "Biziň beýik Ýurtbaşymyz" ýa-da "Garaşsyzlygymyzyň arhitektory" ýaly mahabatlandyrmalar aýtmak däbe öwrülip giden zat.

Şol bir wagtyň özünde teleradio gepleşiklerinde, gazetlerde we žurnallarda Yslam Karimow barada söz açyp, oňa mahabatlandyrmalar bilen çäksiz minnetdarlyk bildirilýär.

Ýöne sosial ulgamlarda tankydy çykyşlar edýän awtorlar bolsa gaty uly äsgermezçiliklere duçar bolýarlar.

Merkezi Aziýa ýurtlary

Merkezi Aziýanyň ýurtlarynyň arasynda Gyrgyzystandan galanlarynda prezidenti mahabatlandyrmak endige öwrülen hadysadyr.

Täjigistanda prezident Emomali Rahmon "Peşwoýi millat" ýagny "Halkyň lideri" diýip mahabatlandyrylýar.

Türkmenistanda bolsa Gurbanguly Berdimuhammedow "Arkadag" diýen titula eýe.

Goňşy Özbegistana garalanda Gazagystanda Nursultan Nazarbaýewe "Ýolbasy" (Halkyň ýa-da döwletiň ýolbaşçysy) ýagny "Ýolbaşçy" diýen görnüşde has sypaýçylykly hem ýönekeýräk mahabatlandyrma aýdylýar.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG