Sepleriň elýeterliligi

Türkmenistanda “Skype-i” ulanyp bolmaýar


Aşgabadyň Internet kafeleriniň birindäki internet ulanyjysy.

Aşgabadyň Internet kafeleriniň birindäki internet ulanyjysy.

Türkmenistanda bir hepdä golaý wagt bäri Skype, ýagny Skaýp programmasyndan peýdalanyp bolmaýar. 8-nji iýundan bäri türkmenistanlylar dürli internet prowaýderler arkaly Skaýp internet aragatnaşyk ulgamyna girmäge synanyşanda, özleriniň bu programmadaky sahypalaryna girip bilmeýärler.

Käbir ýerli ýaşaýjylaryň Azatlyk Radiosynyň habarçylaryna aýtmaklaryna görä, Skaýp programmasyna girmek üçin öz “login” adresiňi we “parolyňy”, ýagny açar sözüňi ýazanyňda, poçtaňy, ýagny sahypaňy açyp bolmaýar.

“Skaýpa girmek üçin kömek sorap, Internet-kafeniň işgärlerine ýüzlenenimde, maňa bu programmanyň tas bir hepdä golaý wagt bäri düýpden işlemeýändigini aýtdylar” diýip, Aşgabadyň ozalky Hudaýberdiýew köçesiniň ugrunda ýerleşýän “Sumbar” dükanyndaky internet-kafeniň ulanyjysy Miwe daýza aýdýar.

Internet ulanyjylary habarly edilmeýär

52 ýaşyndaky Miwe daýzanyň aýtmagyna görä, Internet-kafeniň işgärleri bu programma näme sebäpden girip bolmaýandygy we bu ýagdaýyň haçana çenli dowam etjekdigi barada özlerinde hiç hili maglumatyň ýokdugyny aýdypdyrlar.

Miwe daýza “Bu bolsa men ýaly çagasy daşary ýurtlarda bilim alýan ene-atalary alada goýýar” diýýär. Ol sözüni dowam etdirip, dörän ýagdaýyň käbir adamlaryň gündelik durmuşyny kynlaşdyrjakdygyny belleýär: “Ýurtda onsuzam birnäçe sosial saýtlardan peýdalanyp bolmaýar. Skaýp hem şolaryň sanyna goşulaýsa, onda bu biziň daşary ýurtlarda okaýan we ýaşaýan çagalarymyz, dogan-garyndaşlarymyz bilen habarlaşmagymyzy has-da kynlaşdyrar”.

Ol “Bu programmanyň işlemeýändigini diňe oňa girmäge synanyşanyňda bilip galýarsyň, Internet-kafeleri, mobil aragatnaşyk kompaniýalarynyň edaralary bu barada diňe dil üsti bilen maglumat berýärler” diýip, Internet ulanyjylaryň gerekli maglumatlardan bihabar goýulýandygyna ünsi çekýär.

“Hiç hili maglumat ýok”

Şol bir wagtyň özünde Skaýpyň işlemeýändigi barada resmi bildiriş asylan ýer göze ilmese-de, bu programmadan häzirki wagtda peýdalanyp bolmaýandygyny Türkmenistanyň döwlet eýeçiligindäki “TürkmenTelekom” telekommunikasiýa kompaniýasynyň bir wekili hem tassyklady.

Öz adynyň efirde tutulmazlygyny soran türkmen resmisi 14-nji iýunda Azatlyk Radiosyna telefon arkaly beren maglumatynda Skaýp programmasynyň eýýäm bir hepdä golaý wagt bäri tutuş ýurtda işlemeýändigini aýdyp, ondan “näme sebäpden peýdalanyp bolmaýandygy we bu ýagdaýyň haçana çenli dowam etjekdigi barada özlerine goşmaça hiç hili maglumatyň berilmändigini” aýan etdi.

Gepiň gerdişine görä bellesek, Türkmenistanda sosial saýtlaryň we websaýtlaryň ençemesi eýýäm öňdenem ýapyk.

Azatlyk Radiosynyň habarçylarynyň berýän maglumatlaryna görä, ýurtda “Wkontakte”, Facebook, Twitter, Viber, Wechat ýaly sosial saýtlara we Azatlyk Radiosynyň, “Türkmen inisiatiwasynyň”, “Türkmenistandan alternatiw täzelikler” habar gullugynyň websaýtlaryna-da girip bolmaýar.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG