Sepleriň elýeterliligi

Ukraina global ýarag söwdasynda “düwün bolýar”


Ukrainanyn howpauzlyk gullugynyň işgärleri.

Ukrainanyn howpauzlyk gullugynyň işgärleri.

Ýaragdan hyryn-dykyn doly, tertip-düzgüniň bozulmagy bilen ýüzbe-ýüz duran, uruşdan ýaňa dargan Ukrainada giň gerimli bikanun halkara ýarag bazary bolara gerekli ähli elementler bar.

Global ýarag söwdasynda köp wagt bäri bir düwün bolan Ukrainada ýarag söwdasynyň gara bazarynyň konflikt zonasyndan daşary ýaýramagy hem häkimiýetleriň ýurtdaky zorlukly jenaýatçylyk diýýäniniň oduny tutaşdyrýar.

"Gündogar Ukrainada ýarag bazarynyň bardygyny hemmeler bilýärler" diýip, ozal gündogardaky söweşlere gatnaşan ukrainaly meýletinçi Miroslaw Gaýi aýdýar. Golaýda Azat Ýewropa we Azatlyk Radiosynyň Ukrain gullugyna interwýu beren Gaýi uly möçberde bikanun ýarag söwdasynyň bolýandygyny aýtdy. Onuň aýtmagyna görä, sanlyja çüýşe alkogola ok-därisi bilen ýarag alyp bolýar.

Aladalandyryjy alamatlar

Häzir bikanun ýarag söwdasynyň uly bölegi diňe Ukrainanyň içinde gabalan ýaly bolup görünýär welin, ýöne munuň basym üýtgejekdigini görkezýän aladalandyryjy alamatlar ýok däl.

Bu ýaraglaryň käbiriniň 2015-nji ýylda Belgiýada we Fransiýada yslamçy ekstremistler tarapyndan bolan hüjümlerden bäri gorky içindäki günbatar Ýewropa ýetmegi mümkin diýen aladany üstümizdäki aýyň başlarynda Ukrainanyň howpsuzlyk gulluklarynyň fransiýaly bir ekstremisti bir topar ýarag bilen tutandygyny bildirmegi has-da güýçlendirdi.

Ekspertler Ukrainadan çykarylan ýaraglaryň hem 1990-njy ýyllarda Balkan urşundan galan we şu wagtda hem dolanşykdadygyna ynanylýan alty million ýarag ýaly Ýewropanyň gara ýarag bazaryna dökülerinden howatyr edýärler.

"Güýçli ýaraglaryň Ukrainadan çykarylmak howpy bar" diýip ýarag eksperti we ýaraglanyşyk boýunça barlag gullugy ARES-iň direktory Nik R. Jenzon-Jones aýdýar.

Günbatar döwletleri

"Bu ýerde beýlekilerden tapawutly zat köpsanly ýeňil ýaraglaryň, köpsanly tanka garşy ýaraglaryň we adamlara garşy ulanylýan agyr ýaraglaryň bardygy. Bular döwletiň kontrollugynda däl we Ukrainada şeýle bolup hem galýar. Munuň Ýewropa Bileleşigine salýan howpy başga hili howp".

Jenzon-Jones ARES-iň kataloga alan ýaraglarynyň gündogar Ukrainada hökümet güýçleri bilen Orsýet tarapdan goldalýan separatistler tarapyndan ulanylan ýaraglardygyny aýdýar. Bu ýaraglar agzalýan regionda ozaldan bolupdyr. Olar ýa hökümetiň gorhanalaryna edilen hüjümlerde ele salnypdyr ýa-da söweşde alnypdyr.

Günbatar döwletleri we Ukraina Moskwany söweşijileri ýarag bilen üpjün edenlikde aýyplaýarlar.

Ukrainanyň habar serişdeleriniň bildirmegine şeýle hem hökümetiň çaklamagyna görä, 9300-den agdyk adamyň ölümine we on müňlerçe adamyň öý-owzaryndan jyda düşmegine getiren söweş 2014-nji ýylyň aprel aýynda gündogar Ukrainada başlaly bäri Donbasa 500 müň çemesi otly ýarag gaçak getirilipdir.

Zorlukly jenaýatlar barha köpelýär

Häkimiýetler bu ýaraglaryň ençemesi ahyrsoňy gara bazara barar diýýärler. Ýaragyň köp hem arzan bolmagy netijesinde bolsa Ukrainada zorlukly jenaýatlar barha köpelýär.

2015-nji ýylyň iýul aýyna degişli bir hasabat ýurduň gündogar böleginde konflikt turaly bäri Ukrainada ýaragly jenaýatlaryň aşa köpelendigini görkezýär.

Nýu-Ýork uniwersitetiniň global işler boýunça professory Mark Galeotti korrupsiýa medeniýetine batan we gündogardaky konflikti ýatyrmak işi bilen başagaý bolan Kiýewiň problemany çözere köp mümkinçiliginiň ýokdugyny belleýär:

"Adamy lapykeç edýän zat ukrain hökümeti korrupsiýany we gaçakçylygy ýok etmek üçin täze kanunlary girizen hem bolsa, häzirki wagtda onuň ýurduň portlaryny, aeroportlaryny we serhetlerini ýeterlik derejede kontrollyk edip bilmeýändigi. Ýurt bikanun harytlaryň ähli görnüşiniň gaçakçylyk merkezine öwrüldi".

Global ýarag söwdasynda esasy düwün

Ukraina birnäçe wagt bäri global ýarag söwdasynda esasy düwün bolup durýar. Waşingtonda ýerleşýän Kämilleşdirilen gorag barlaglary baradaky merkez 2013-nji ýylyň sentýabrynda çykaran hasabatynda dürli şahsyýetlerden we kompaniýalardan durýan bir ulgamyň Ukrainanyň Gara deňiz porty Odessadan dünýäniň konfliktli zonalaryna ýarag iberýändigini aýdyp, ony "Odessa ulgamy" diýip atlandyrdy.

Hasabatlarda gündogar Ukrainadan, aýratyn-da, goňşy Polşa we Belarusa gaçak ýarag çykarmak baradaky synanyşyklar gitdigiçe artýar diýip çak edilýär.

Polşanyň serhet goragçylarynyň sözçüsi ýanwar aýynda serhet howpsuzlygynyň güýçlendiriljekdigini habar berdi.

Belarusda hem Ukrainadan gaçak ýarag getirmek üçin edilýän synanyşyklar artýar. 2015-nji ýylyň dekabrynda Döwlet serhet komitetiniň başlygy Leanid Maltsaw serhet goragçylarynyň 53 ýarag bilen 500 daňy ok-däri ele salandygyny aýtdy.

2016-njy ýylda ýagdaý has beterleşene meňzeýär.

5-nji aprelde Belarusyň Içeri işler ministri Ihar Şunewiç belarus polisiýasynyň goňşy Ukrainadan gelýän ýaraglaryň öňüni almak maksady bilen "ýörite operasiýa" geçirjekdigini aýtdy.

Onuň aýtmagyna görä, 2016-njy ýylyň başyndan bäri Belarus polisiýasy ýigrimi sany kiçi ýaragy konfiskasiýa edipdir. Şunewiç Ukrainadan gelýän ýaraglaryň köpelendigini aýdýar.

XS
SM
MD
LG