Sepleriň elýeterliligi

Sankt Peterburg: Putin BMG-niň liderleri bilen duşuşar


Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin (s) we BMG-niň Baş sekretary Ban Ki-Moon (ç)

Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin (s) we BMG-niň Baş sekretary Ban Ki-Moon (ç)

Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin 16-njy iýunda Sankt Petersburgda BMG-niň Baş sekretary Ban Ki-Moon we BMG-niň Siriýa boýunça wekili Staffan de Mistura bilen duşuşar.

Kremliň geňeşçisi Ýuriý Uşakowyň 14-nji iýunda žurnalistlere aýtmagyna görä, bu duşuşyk ýylda geçirilýän Ykdysady forumyň çäginde geçiriler.

Şeýle-de Putin 15-nji iýunda forumda Fransiýanyň öňki prezidenti Nikola Sarkozi bilen resmi bolmadyk gepleşik geçirmegi planlaşdyrýar.

BMG-niň liderleri bilen duşuşykda “global terrorçylyga garşy göreşe we Siriýadaky ýagdaýa” üns gönükdiriler, diýip Uşakow belledi.

Ban Ki-Moonyň TASS agentligine aýtmagyna görä, Orsýet Siriýada parahatçylyk getirmek ugrunda ABŞ bilen bilelikde uly rol oýnaýar.

“Diňe barlyşyk, dialog we Orsýetiň esasy agza bolan halkara jemgyýetçiliginiň kollektiwleýin tagallalary arkaly öňe tarap ýol tapyp bolýar”, diýip Ban Ki-Moon aýtdy.

XS
SM
MD
LG