Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Özbegistan goňşulary bilen serhedini ýapdy


Türkmenistanyň we Özbegistanyň arasyndaky serhet geçelgesi
Türkmenistanyň we Özbegistanyň arasyndaky serhet geçelgesi

Özbegistan goňşy ýurtlary bilen serhedini wagtlaýyn ýapdy.

Özbegistanyň 15-25-nji iýun aralygynda Gyrgyzystan, Täjigistan, Gazagystan we Türkmenistan bilen umumy serhetlerini raýatlar, ulaglar we ýükler üçin ýapandygyny Gyrgyzystanyň Döwlet serhet gullugyna salgylanyp habar agentlikleri maglumat berdiler.

Interfaks agentligi çäklendirmeleriň diňe Gyrgyzystanyň Barak eksklawynyň ýaşaýjylaryna degişli däldigini belledi.

Serhediň ýapylmagynyň takyk sebäbine resmi düşündiriş berilmedi. Şol bir wagtda-da bu ýagdaý Özbegistanda geçiriljek Şanhaý Hyzmatdaşlyk guramasynyň ýubileý sammitiniň öňüsyrasyna gabat geldi.

23-24-nji iýunda Daşkentde geçiriljek ýokary derejeli duşuşyk bilen baglylykda ýurtda howpsuzlyk çäreleriniň görülýändigini özbek mediasy habar beripdi.

Şanhaý Hyzmatdaşlyk guramasyna agza bolmadyk Türkmenistan guramanyň duşuşyklaryna adatça myhman hökmünde gatnaşýar.

Türkmenistanyň we Özbegistanyň arasyndaky 1621 kilometrlik umumy serhetde üç sany halkara serhet geçelgesi bar.

XS
SM
MD
LG