Sepleriň elýeterliligi

ABŞ kömegini hukuk bozulmalar bökdeýär


Merkezi Aziýanyň kartasy

Merkezi Aziýanyň kartasy

Waşingtonyň Merkezi Aziýa ýurtlary üçin bölýän serişdeleriniň möçberi artýar, emma howpsuzlyk bilen adam hukuklarynyň arasyndaky dartgynlyklar ABŞ-nyň bu ugurdaky syýasatynyň badyny gaçyrýar diýip, thediplomat.com neşiri ýazýar.

ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň we USAID-iň ýokary derejeli diplomatlary geçen hepdekongres komissiýasyny departamentiň Merkezi Aziýa ýurtlary babatdaky planlary, hususan-da 164.1 million dollarlyk maliýe býujeti bilen tanyş etdiler.

Döwlet sekretarynyň Merkezi Aziýa ýurtlary boýunça kömekçi orunbasary Daniýel Rozenblýum Wekiller öýüniň daşarky meseleler komitetiniň Ýewropa, Ýewraziýa we ýüze çykýan howplar komissiýasynda çykyş edip, Merkezi Aziýa programmalary üçin berilýän serişdeleri artdyrmak zerurlyklary barada jikme-jik gürrüň etdi.

Döwlet departamentiniň býujeti arkaly iň uly maliýe kömegini alýan Gyrgyzystan, regionyň ýeke-täk parlament dolandyryşly we iň garyp ýurtlarynyňýurtlarynyň bolup durýar.

2017-nji maliýe ýylynda Gyrgyzystana $51.8 million serişde soralýar, bu 2015-nji maliýe ýylyndakydan 39 prosent ýokarlanyşy görkezýär. Regionyň iň garyp ýurdy bolan Täjigistana $41.6 million serişde soralýar, bu 2015-nji ýyldakydan 44 prosent ýokarlanmany görkezýär. Özbegistan bilen Gazagystan üçin, degişlilikde bilen $11.6 we $8.8 million serişde soralýar. Bu ozalkylardan 9 we 5 prosent ýokarlanmany görkezýär.

Sebitde iň az ABŞ kömegi

Regionyň iň bir az gatnaşykly döwleti bolan Türkmenistan üçin soralýan serişde $4.8 million serişde bolup, bu 2015-nji ýyldakydan 44 prosent artyşy görkezýär.

Rozenblýum öz kärdeşleri bilen bilelikde çykyş edip, ABŞ-nyň bu sebitde ileri tutýan meselelerini düşündirdi.

“Birleşen Ştatlaryň Merkezi Aziýada uzak möhletli iki sany milli bähbidi bar: olaryň birinjisi Merkezi Aziýa döwletleriniň özygtyýarlylygyny goldamak, bu Sowet Soýuzynyň dargan döwründen uç alýar» diýip, Döwlet departamentiniň resmisi aýtdy.

Birleşen Ştatlaryň sebitdäki ikinji bähbidi, Rozenblýumyň sözlerine görä, «Merkezi Aziýadöwletleriniň durnuklylygy we aýratyn-da olaryň terrorçylaryň mesgenine öwrülmeginiň öňüni almakdan ybarat" bolup durýar.

Onuň bu pikiriçe, bu iki bähbit howpsuzlygy, abadançylygyilerletmek, şeýle-de dogry-dürs dolandyryş arkaly gazanylyp bilner.

Döwlet departamentiniň 2017-nji maliýe ýylyndaky $50.1 milliard dollarlyk býujet talaby nazara alnanda, Merkezi Aziýa üçin soralýan 164.1 million dollar juda az serişde bolup durýar.

Birleşen Ştatlaryň sebit bilen gatnaşyk gurmagynyň esasy sebäbi howpsuzlyk bolsa-da, ykdysady goldaw üçin berilýän serişdäni göreniňde, aýratyn howpsuzlyk üçinedilýän kömek has az görünýär.

“Biziň Merkezi Aziýa ýurtlaryna berýän howpsuzlyk kömegimiz olaryň käbiriniň adam hukuklarynyň ýagdaýy sebäpli çäklendirilen» diýip, Rozenblýum aýdýar.

«Onsoň biz gaýta-gaýta aýdýarys, hususan-da ýokary derejelerde, Birleşen Ştatlar bilen hyzmatdaşlygy güýçlendirmek adam hukuklary babatdaky ýagdaýlaryň düýpli gowulanmagyna bagly” diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG