Sepleriň elýeterliligi

ABŞ: Hüjümçiniň aýalyna garşy iş gozgamak mümkinçiligine seredilýär


Omar Mateen

Omar Mateen

ABŞ-nyň derňewçileriniň Orlando şäherinde geý klubynda 49 adamy atyp öldüren hüjümçiniň aýalyna garşy iş gozgamagy mümkin. Onuň hüjüm barada habarly bolup, polisiýa aýtmandygyny ABŞ-nyň mediasy 14-nji iýunda mälim etdi.

Reuters we FoxNews.com prokurorlaryň Omar Mateeniň aýaly Noor Salmanyň hüjüme gatnaşykdaky roly boýunça oturdaşlaryň uly toparynyň düzülmegine çagyrandygyny habar berdiler.

12-nji iýunda gijeki klubda polisiýa tarapyndan atylyp öldürilen Mateeniň hüjümden ozal 911 adatdan daşary telefon liniýasyna jaň edip, dürli yslamçy söweşiji toparlara wepalylyk kasamyny edendigi aýdylýar, şeýle-de onuň öz aýalyny agzandygy hem habar berilýär.

Federal derňewçiler we Ak Tam hüjümçiniň özbaşdak radikallaşan adam bolup, onuň “Yslam döwleti” ýaly toparlardan buýruk alandygyny subut edýän delilleriň ýokdugyny aýdýarlar.

XS
SM
MD
LG