Sepleriň elýeterliligi

Yragyň harby resmisi YD bilen söweşde wepat boldy


Kürtleriň "Peşmerga" topary

Kürtleriň "Peşmerga" topary

Bagdadyň resmileri “Yslam döwleti” (YD) toparynyň söweşijileriniň Mosul şäheriniň golaýynda Yragyň ýokary wezipeli harby resmisini öldürendigini habar berdiler.

Yragyň Goranmak ministrligi brigadir Ahmad Badr al-Luhaibiniň Mosuldan günorta tarapda ýerleşýän obany gaýdyp almak boýunça harby çäräniň dowamynda snaýper tarapyndan oka tutulandygyny mälim etdi.

Yragyň ululygy boýunça ikinji şäheri Mosul 2014-nji ýylyň iýun aýynda YD topary Yragyň günbatarynda we Siriýanyň gündogarynda uly giňişlikleri basyp alansoň söweşijileriniň eline geçipdi.

Yragyň goşuny kürtleriň “Peşmerga” toparynyň we ABŞ-nyň ýolbaşçylygyndaky halkara koalisiýasynyň goldawyna daýanyp, Mosulyň golaýynda YD toparynyň söweşijilerine garşy göreş alyp barýar.

Yragyň premýer-ministri Haidar al-Abadi Mosuly şu ýylyň aýagyna çenli gaýdyp almagy wada berdi. Yrakda söweşler zerarly 3.3 million adam öz öýlerini terk etmäge mejbur boldy.

XS
SM
MD
LG