Sepleriň elýeterliligi

NATO Orsýetiň Ukrainadan goşun çykarmagyny talap edýär


NATO-nyň baş sekretary Jens Stoltenberg, Brussel, 14-nji iýun, 2016

NATO-nyň baş sekretary Jens Stoltenberg, Brussel, 14-nji iýun, 2016

NATO-nyň ýolbaşçysy Jens Stoltenberg Orsýeti Ukrainadan öz goşunlaryny we harby enjamlaryny çykarmaga we gündogar Ukrainada separatistlere ýardam bermegi bes etmäge çagyrdy.

Stoltenberg bu çykyşyny 15-nji iýunda NATO-nyň goranmak ministrleriniň Brusselde geçiren duşuşygynda etdi. Duşuşyga Ukrainanyň goranmak ministri Stepan Poltorak gatnaşdy.

Orsýetiň resmileri Moskwanyň Ukraina harby enjamlary iberýändigi barada öňe sürülýän subutnamalary yzygiderli ret edip gelýär.

Stoltenberg NATO-nyň Orsýetiň Ukrainadaky harby hereketlerine jogap hökmünde “Ukraina berýän goldawyny artdyrjakdygyny” mälim etdi.

28 ýurdy öz içine alýan NATO guramasynyň 8-9-njy iýulda Warşawada geçirjek duşuşygynda üç Baltiýa döwletinde we Polşada harby bölümleri ýerleşdirmek planynyň makullanmagyna garaşylýar.

XS
SM
MD
LG