Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Rumy: Yşka düşse - gula öwrüler şalar


Jelaletdin Rumynyň rolunda meşhur amerikan aktýory Leonarda DiKaprionyň oýnajakdygy aýdylýar.

Jelaletdin Rumynyň rolunda meşhur amerikan aktýory Leonarda DiKaprionyň oýnajakdygy aýdylýar.

Iýun aýynyň başynda günbatar mediasynda meşhur gündogar şahyry Jelaletdin Rumy hakynda täze filmiň dörediljekdigi, Möwlanynyň kino rolunda meşhur amerikan aktýory Leonarda DiKaprionyň oýnajakdygy barada habarlar çykdy.

"The Guardian" gazetiniň maglumatyna görä, "Gladiator" filminiň kinossenarisini ýazan, Oskar baýragyny utan kinodramaturg Deýwid Franzoni Rumynyň terjimahalynyň üstünde işlemäge razy bolupdyr.

Rumy baradaky filmiň prodýuseri Stephen Joel Brown bolsa, beýik sopy alymynyň ömür ýoluny yzlamak bilen, özleriniň günbatar kinosynda döredilen musulman häsiýetlerinden başgaça gylyklary açmak isleýändiklerini aýdýar.

“Ol edil Şekspir ýaly" diýip, Franzoni aýdypdyr.

Prodýuserler bu kinony indiki ýyl düşürip başlamagy niýet edinýärler. Franzoni we Brown biraz öň Stambula gidip, Rumy ekspertleri bilen duşuşypdyrlar, beýik sopynyň Konýadaky mawzoleýine zyýarat edipdirler.

Başga bir tarapdan, şu aralykda beýik şahyryň edebi mirasy üstünde Türkiýe, Eýran we Owganystan arasynda kiçiräk dawa hem turdy. Has anygy, Ankara bilen Tähranyň beýik şahyryň mesnewilerini UNESKO-nyň sanawyna goşdurmak baradaky tagallalaryndan soň, Kabul Rumynyň Balhda doglandygyny ýatlatmagy zerur tapdy.

Şu dawadan hem görnüşi ýaly, meşhur gündogar şahyry Jelaletdin Rumynyň (1207-1273) gysgadan manyly setirleri iňlis diline terjime edilip, barha giň meşhurlyga eýe bolýar. Azatlyk radiosy şu pursatda öz okyjylaryna beýik gündogar şahyrynyň mesnewileriniň käbiriniň iňlisçeden terjimesini hödürleemgi makul bildi.

Mesnewiler


Öz öýüňi başga birniň mellegine öwürme;
Öz işiň et, kesekiniň ýumşy üçin ýüwürme.
Kim keseki, bilýärmisiň?
Bedeniň ol gözbaş bolan ähli bela-betere,
azap berip ömürňe.

**

Bu dünýe bir bendihana, a biz bendi bir topar:
Deş diwaryn bandihanaň, göwnüň zyndandan gopar!

**

Ýaradanyň adam üçin islegi - oňa ilkibaşda iki zat gerek:
Birisi görýän göz hakyky açyk, beýlekisi bolsa düşünýän ýürek.

**

Görýän göz üç ýüz körüň hasasyndan eýidir,
Sebäbi ol saýgarar göwher nedir, kül nedir.

**

Teşne suwy gözlär, agtarar, tapar,
A suw teşnä tarap at bolup çapar.

**

Suw diýdi kirli bendä: "Gel, goýnuma gir, durma!"
Kirli diýdi: "Utanýan, ýüzüm ýokdur barmaga."
Suw diýdi: "Seň utanjyň nädip ýuwular mensiz?"

**

Biri diýdi: "Yşk näme, bilip bilmedim munda?"
Hudaý diýdi: "Bilersiň, özüň ýitirseň mende."

**

Hudaý menden näme etse, şol bolaryn gürrüňsiz.
Ol menden käse ýasasa, käse bolar duraryn;
Ol menden hanjar ýasasa, öwrülerin hanjara;
Ol menden çeşme ýasasa, suw bermeli teşnä men;
Ol menden ot, ataş etse, eçilmeli ýylylyk;
Ol menden ýagmyr ýasasa, ekinleri ýakmaly;
Ol menden peýkam ýasasa, böwüsmeli bedeni.
Eger ol dost etse meni, hyzmatynda durmaly.
Men bir galam Ýaradanyň elinde,
Näme ýazsa, däl diýilmez edeni.

**

Yşka düşse, zäher öwrüler bala;
Yşka düşse, mis öwrüler altyna;
Yşka düşse, bulanyk bolar dury;
Yşka düşse, dertler bolarlar derman;
Yşka düşse, öli diriler, galar;
Yşka düşse, gula öwrüler şalar.

**

Adalat nämedir - goýmak öz ýerinde herki zady.
Ornuny ýalňyşsaň zadyň, adalatsyz bolar adyň.

XS
SM
MD
LG