Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Musulmanlar din üçin ýanalýandygyny aýdýarlar


Metjitde doga-dileg edýän musulmanlar.
Metjitde doga-dileg edýän musulmanlar.

ABŞ-nyň Wiskonsin ştatynda 15 musulman işçini dini sebäpden işden kowdy diýip aýyplanýan firma garşy raýatlyk hak-hukuklaryny bozandygy öňe sürlüp, federal derejede arz-şikaýat taýýarlandy.

Bu ABŞ-nyň Deňhukukly iş mümkinçilikleri komissiýasynyň (EEOC) kararyna garaşýan dört sany işden biridir. Ol gurama soňky 10 ýylda jemi 68 sany şeýle işe garapdyr.

2006-njy ýyldan bäri EEOC musulmanlaryň “McDonald's”, “Merril Lynch”, “Rite-Aid” “Pharmacy”, UPS we “Wal-Mart” ýaly uly firmalara garşy olaryň dinparazlyk edendikleri barasyndaky arz-şikaýatlara garady.

Geçirilen derňewiň netijesiniň aýan etmegine görä, Amerikada iş ýerlerinde dini temaly diskriminasiýa, ýagny ýekirmek barha artýar. “Tanenbaum” atly dinleriň arasyndaky hoşniýetlilik merkeziniň geçiren barlagynyň netijesinde 2004-nji ýyldan 2014-nji ýyla çenli dinparazlyk bilen baglanyşykly arz-şikaýatlar 87 prosent köpelipdir.

Arakesme

EEOC edarasyna ahyrky arz-şikaýat bolsa Waşingtonda ýerleşýän hukuk goraýjy gurama bolan Amerika-Yslam gatnaşyklary geňeşi tarapyndan ýetirilipdir. Wiskonsinde ýerleşýän "Ariens Company" atly önümçilik firmasynyň musulmanlara namaz arakesmesine çykmak üçin berilýän rugsady goýbolsun etmeginden soň närazylyk döräpdir we şeýlelik-de Somalili 15 musulman işçi işinden boşadylypdyr.

Bu bolsa 1964-nji ýylda kabul edilen Raýatlyk hukuklary düzgünnamasynyň 4-nji bendiniň bozulmagyny aňladýar. Onda nygtalyşyna görä, işgär işledýänler öz işçilerini dini, jynsy, teniniň reňki we milli aýratynlyk taýdan ala tutup bilmez.

Arz-şikaýatda aýdylmagyna görä. "Ariens" atly firma mundan owal musulman işçilere gaty gysga namaz arakesmelerine çykmaga rugsat berenem bolsa, ýanwar aýyndan başlap diňe iki gezek 10 minutlyk arakesmä çykmaga rugsat bermäge başlapdyr.

ABŞ-da ýaşaýan amerikan ilaty

"Ariens" atly firma bolsa öz düşündirişinde häzirki wagtda firmada 27 sany musulman işçiniň işleýändigini we firmanyň "olary namaz otaglary bilen üpjün etmegi dowam edýändigini" belleýär. Beýannamada şeýle-de: "Biz olaryň ynanjyna we ýerine ýetirýän işlerine hormat bilen çemeleşýäris" diýip nygtalýar.

Belläp geçsek, “Pew” derňew merkeziniň maglumatyna görä, ABŞ-nyň musulman ilatynyň sany 2007-nji ýyldan bäri "yzygiderli ýagdaýda köpelipdir". 2015-nji ýylda ABŞ-da 3,3 million musulmanyň ýaşaýandygy hasaba alnypdyr. Bu san bolsa ýurduň umumy ilatynyň ýüzden 1 göterimine barabardyr. “Pew” merkeziniň çaklamagyna görä, 2050-nji ýyla çenli ýurduň musulman ilatynyň sany 8.1 milliona, ýagny başgaça aýdylanda, ýurduň umumy ilatynyň ýüzden 2.1 göterimine eýe bolar.

XS
SM
MD
LG