Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Robotlar hem agyryny duýarlar


Robot.
Robot.

Germaniýanyň alymlary robotlaryň emeli nerwi ulgamyny döretmegiň üstünde işleýärler. Olar şeýlelikde robotlaryň hem agyry duýmagyny ýola goýmak isleýärler.

BBC-niň habaryna görä, agzalýan bu ulgamy Gannowerdäki Leýbniz uniwersitetiniň alymlary taýýarlapdyrlar.

Emeli nerwi ulgamy robotlaryň haýsam bolsa bir zarba ýa-da näsazlyga dessine duýgur bolmagyny ýola goýar. Şeýlelikde robotlarda ýüze çykyp biljek näsazlyklar sähel salymyň içinde düzeldiler. Bu şol bir wagtyň özünde robotlar bilen işleýänleriň hem howpsuzlygyny doly üpjün eder.

Synag üçin bir robotyň eline basylsa bildirýän we temperaturany duýdurýan enjam oturdylypdyr. Onsoň aşa basylma ýa-da gyzgynlyk duýan mahaly robotyň eli ol ýerden daşlaşmaga başlapdyr.

"Bir çagajyk ýykylyp, bir ýeri agyran mahaly..."

Ýaňky ýaly ulgam adamlaryň agyrjak ýerleri üçin hem taýýarlanýar. Barlag geçirýän 0 alymlardan Johannes Kuehn, "IEE Specturum" atly tehnologiýa žurnalyna beren beýannamasynda, aslynda bedendäki agyrynyň adamy goraýan bir ulgamdygyna aýratyn ünsi çekip: "Agyry berýän zatdan daşlaşmak bilen ýaralanmagyň öňüni alýarys" diýýär.

Kembriç uniwersitetiniň robot tehnologiýalary hünärmeni professor Fumiýa Lida hem, öwrenmegiň synaga we şowsuzlyga baglydygyny belläp: "Bir çaga ýykylyp, bir ýerini agyrdanda, ondan soň has hüşgär bolup, etjek işini ýa-da hereketini has seresaply etmäge başlaýar" diýýär.

Adamynyň agyryny duýmagyny üpjün edýän neýronlar ýaly, emeli nerwler hem robota ýeňil, orta we agyr derejedäki agyry barasynda duýduryş berer we şondan soň robot hem alan duýduryşyna görä hereket eder.

XS
SM
MD
LG