Sepleriň elýeterliligi

Aşgabat, Pekin nebit-gaz hyzmatdaşlygyny artdyrmaga isleg bildirdiler


Türkmenistan-Hytaý gaz geçirijisi, 12-nji dekabr, 2009

Türkmenistan-Hytaý gaz geçirijisi, 12-nji dekabr, 2009

Türkmenistan we Hytaý nebi-gaz ugrundan hyzmatdaşlygy ösdürmäge özara gyzyklanma bildirdiler, diýip Hytaýyň Kommunistik partiýasynyň merkezi komitetiniň ýobaşçysy Song Taonyň Aşgabatda türkmen ýolbaşçylary bilen geçiren duşuşygynyň yzýany media maglumatlarynda habar berildi.

Şeýle-de taraplar ykdysady gatnaşyklary artdyrmak boýunça gatnaşyklaryň çäginde Türkmenistanyň senagat mümkinçiliklerini täzelemekde Hytaýyň tejribelerini ulanmak barada pikir alyşypdyr.

Hytaý Türkmenistanyň iň iri söwda partnýorydyr. Hytaýyň Milli nebit korporasiýasy (CNPC) 2009-njy ýylda işe girizilen Türkmenistan-Hytaý gaz geçirijiisi arkaly Merkezi Aziýa regionyndan gaz satyn alýar.

Media maglumatlaryna görä, Pekiniň Türkmenistandan satyn alýan gazynyň möçberini ýylda 65 milliard kubometre ýetirmegine garaşylýar.

XS
SM
MD
LG