Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Putin Ýewropa Komissiýasynyň başlygy bilen duşuşar


Ýewropa Komissiýasynyň başlygy Jean-Klaude Junker (ç) we Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin (s)

Ýewropa Komissiýasynyň başlygy Jean-Klaude Junker (ç) we Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin (s)

Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin Sankt Peterburgda geçýän Ykdysady forumda Ýewropa Komissiýasynyň başlygy Jean-Klaude Junker bilen duşuşar.

16-njy iýunda boljak duşuşykda maslahat ediljek meseleleriň Orsýetiň we Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky gatnaşyklar, Orsýete garşy sanksiýalar we Orsýetiň jogap hökmünde amala aşyrýan çäreleri, ÝB-niň başdan geçýän migrant krizisi bilen bagly bolmagyna garaşylýar, diýip Kremliň geňeşçisi Ýuriý Uşakow 15-nji iýunda aýtdy.

Şeýle-de Putiniň we Junkeriň Siriýada we Ukrainada konfliktleri tamamlamak boýunça parahatçylyk gepleşikleri ýaly halkara meseleleri maslahat etmekleri ähtimal.

Ýewropa Komissiýasynyň başlygy bilen gepleşiklerinden soň Putin BMG-niň Baş sekretary Ban Ki-Moon bilen duşuşyp, terrora garşy tagallary, Sirýadaky ýagdaýy we Ukrainadaky krizisi maslahat eder.

XS
SM
MD
LG