Sepleriň elýeterliligi

ABŞ: Trump ýarag söwdasyna gözegçiligi wada berdi


Donald Trump

Donald Trump

ABŞ-nyň respublikan kandidaty Donald Trump we beýleki respublikanlar terrorçylyk sanawyndaky adamlara ýarag satylmagyny çäklendirmek meselesine seretjegini mälim etdiler.

Ýarag söwdasyna gözegçilik edilmegine garşylygyň gowşamagy “Yslam döwleti” toparynyň tarapdarynyň Orlandoda geý klubunda 49 adamy atyp öldüren adamyň 2013-2014-nji ýyllarda Federal Derňew Býurosynyň (FBI) terrorçylaryň sanawyna goşulandygy, emma yzýany aýrylandygy barada mälim edilmeginiň yzýanyna gabat geldi.

Trump Ýaraglar boýunça milli bileleşigi bilen duşuşyp, terrorçylar sanawyndaky adamlara ýarag satyn almaga rugsat berilmezligini sorajakdygyny 15-nji iýunda Twitterde ýazdy.

Şol bir wagtda-da Demokratik we Respublikan partiýalarynyň Senatdaky liderleri edip biljek barlyşyklar barada gepleşik geçirýärler.

XS
SM
MD
LG