Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gazak ştangaçylarynyň doping synagy pozitiw netije berdi


Swetlana Podobedowa
Swetlana Podobedowa

Gazagystanyň dört sany olimpik çempiony, şol sanda sportda iň tanymal şahsyýetleriň biri Ilýa Ilýin 2012-nji ýylda Londonda Olimpiýa oýunlarynda alnan nusgalar boýunça geçirilen doping synagyndan geçip bilmedik 10 ştangaçynyň arasynda düşdi.

94 kilogram agram göterýän altyn medalisti llýin we üç sany ştangaçy zenan çempion Zulfiýa Çinşanlo (53 kg), Maiýa Maneza (63 kg) we Swetlana Podobedowa (75 kg) kuwwatlandyryjy serişdeleri ulanmak bilen bagly synagda pozitiw netije görkezdiler, diýip Agyr atletika boýunça halkara federasiýasy 15-nji iýunda aýtdy.

Federasiýa doping synagynda pozitiw netije görkezen 10 sany sportsmeni, şol sanda Londonda altyn medal gazanan ýedisini hem altyn medala eýe bolmagy garaşylýan sportsmene wagtlaýyn gadagançylyk girizdi.

Gazagystanly dört sportsmeniň Londonda gazanan baýraklarynda mahrum bolmagyna garaşylýar. Bu Gazagystany medallaryň sany boýunça 12-nji orundan 23-nji orna düşürip biler.

XS
SM
MD
LG