Sepleriň elýeterliligi

ABŞ Ukraina 220 million dollar berer


ABŞ-nyň wise-prezidenti Joe Biden (s) we Ukrainanyň premýer-ministri Wolodymyr Hroýsman (ç), Waşington, 15-nji iýun, 2016.

ABŞ-nyň wise-prezidenti Joe Biden (s) we Ukrainanyň premýer-ministri Wolodymyr Hroýsman (ç), Waşington, 15-nji iýun, 2016.

Ak Tam Kiýewiň ykdysady, syýasy we energiýa reformalaryny goldamak üçin Ukraina şu ýyl 220 million dollar berjegini aýtdy.

Uruşdan ejir çekýän ýurda bu zerur kömeginiň beriljegi barada 15-nji iýunda wise-prezident Joe Bideniň Ukrainanyň premýer-ministri Wolodymyr Hroýsman bilen telefon arkaly geçiren gepleşiginden soň aýdyldy.

Ak Tam bu kömegiň Ukraina “demokratik institutlaryny güýçlendirmek, durnukly ykdysady ösüşiň binýadyny berkitmek we ynsanperwer zerurlyklaryny üpjün etmek üçin” ýardam berip biljekdigini aýtdy.

Hroýsman garaşsyz mediany we raýat jemgyýetçiligini goldamak, şeýle-de hökümetiň netijeliligini artdyrmak maksatly Ukrainada häkimiýetiň merkeze garaşlylygyny gowşatmak we bu işe raýatlaryň has aktiw gatnaşmagyny ýaýbaňlandyrmak planlaryny mälim etdi.

Şeýle-de Hroýsman energiýa reformalaryny amala aşyrmak, şol sanda Ýewropa Bileleşiginiň standartlaryna laýyklykda gaz we elektrik togunyň bazarlaryny döretmek, ýurduň Orsýetiň gazyna garaşlylygyny gowşatmak we energiýa agentliklerini hususylaşdyrmak ýaly çäreleri wada berdi.

XS
SM
MD
LG