Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Daşoguzda çözgüt 'hakykaty aýtmakdan başlanmaly'


Daşoguz, Görogly etraby
Daşoguz, Görogly etraby

Türkmen mediasy prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurduň demirgazyk sebitine, Daşoguza sapar edýändigini habar berýär.

Eger-de ozal Ahal, Balkan welaýatlarynda geçirilen göçme mejlisleri, häkimleriň işlerine toparlaýyn baha berilişini nazarda tutsaň, ýurduň demirgazyk welaýatynda hem bir topar häkimiň «düýpli kemçilik» goýbermekde aýyplanmagy mümkin.

Şol bir wagtda-da Daşoguz, Aral problemalary bilen baglylykda, baryp sowet ýyllarynda hem «tebigy betbagtçylyk zonasy» diýlip hasaplanýardy. Eýsem sebitiň ykdysady, sosial problemalarynyň çözgüdini Daşoguzda önüp-ösen türkmen aktiwistleri nämelerde görýär?

Daşoguzly Dädebaýyň Azatlyk radiosy bilen telefon söhbetdeşliginde aýtmagyna görä, garaşsyzlyk ýyllarynda sebitde käbir işler edildi, ýagny täze binalar guruldy, täze kärhanalar açyldy. Emma ol bu edilen işleriň möçberiniň ilatyň köpelişi bilen deňeşdirilende azdygyny aýdýar.

Daşogza belet synçylaryň ýene biri, Şwesiýada bosgunlykda ýaşaýan türkmen dissidenti Hudaýberdi Orazowyň pikirine görä, bu sebitiň ilatynyň durmuş-ýaşaýyş derejesi ýurduň beýleki regionlaryndaka garanda has agyr.

Ol bu ýagdaýyň sebäbini ozaly Daşoguzyň ýerleşýän ýerinde, ýagny Amyderýanyň akyşyna seredilende, aşakda ýerleşmeginde, ikinji tarapdan, sowet döwrüniň pagta syýasatynda görýär.

Sowet döwründen gelýän krizis 'agyrlaşýar'

Daşoguzly Dädebaýdan tapawutlylykda, Orazow sebitiň sosial meselelerine çözgüt gözlemekde garaşsyzlyk ýyllarynda sowet döwründäki ýaly hem alada edilmändigini aýdyp, Nyýazow döwründe welaýatyň has agyr ýagdaýa düşendigini tassyklaýar.

Awstriýada ýaşaýan hukuk goraýjy Farid Tuhbatullin hem Daşoguzdaky ýagdaýy ýakyndan synlaýan aktiwisitleriň biri. Onuň pikirine görä, Daşoguzdaky sosial-ykdysady meseleleri çözmek üçin adamlary döwlet tarapyndan buýrulýan ekinleri ekmekden, döwlet plany esasynda işlemekden halas etmeli.

Ol bu sebitiň klimat ýagdaýyny, suw ýagdaýyny nazara alyp, işsizlik meselesini çözmek üçin, gurluşyk pudagyny ösdürseler, hususy biznese ýol açsalar, has gowy boljakdygyny aýdýar.

Emma muňa garamazdan, Tuhbatulliniň pikirine görä, häkimiýetler hususyýetçiligi goldamak hakynda beýanat etseler-de, hakykatda diňe Senagatçylar we telekeçiler birleşiginiň agzalaryny goldaýarlar.

Şeýle-de ol adamlary pagta ýa galla ekmäge mejbur etmeli däldigini, ozal Daşoguzyň ilatynyň ýurdy şaly, beýleki gök önümler bilen üpjün edendigini, bu sebitde turizmi, biznesi ösdürip boljagyny ýatladýar.

"Çözgüt - ýeriň hakyky eýesini tapmaly"

Ýerli synçy Dädebaý Daşoguzdaky problemalary tutuş ýurtdaky problemalaryň bir bölegi hasaplaýar we bu ýerde çözgüdi sowet hökümetini ýykan sistemany, ýokardan döwlet planlaryny bermegi saklap galman, ýeri adamlara hususy eýeçilige bermekde, hakyky bazar düzgünlerine geçmekde görýär

Ýöne ozalky bankir Hudaýberdi Orazow ilki sebitdäki «tebigy betbagtçylyk ýagdaýyny boýun almaly» we çözgüde şol ýerden, hemme meseläni jikme-jik öwrenmekden, hakykaty boýun almakdan başlamalydygyny aýdýar.

XS
SM
MD
LG