Sepleriň elýeterliligi

'Euro 2016': Orsýetli futbol janköýerleri deportasiýa edildi


"Euro-2016", Pariž

"Euro-2016", Pariž

Fransiýa Orsýetiň futbol janköýerleriniň bileleşiginiň liderini ýurtdan çykardy.
Aleksandr Şpryginiň Marselden Lille şäherine Orsýetiň Slowakiýa bilen oýnuna tomaşa etmek üçin barýarka saklanandygyny we 20 çemesi orsýetli janköýeriň arasynda Fransiýadan deportasiýa edilendigi media serişdeleri habar berdiler.

Orsýetiň Daşary işler ministrligini nägilelik bildirdi we “Orsýete garşy duýgulary tutaşdyrmakdan saklanmaga” çagyrdy.

Dynç günlerinde Marsel şäherinde britaniýaly, orsýetli we fransiýaly janköýerleriň gatnaşmagynda çaknyşyk boldy, munuň yzýany Orsýetiň komandasyna şertli diskwalifikasiýa jezasy berildi.

Fransiýada geçýän “Euro 2016” futbol çempionatynda Orsýetiň ýygyndy komandasy “B” toparynda çykyş edip, 15-nji maýda Slowakiýa bilen duşuşdy we 1:2 hasap bilen utuldy.

Fransiýaky häkimiýetleri Ýewropa ýurtlarynyň futbol boýunça “Euro 2016” çempionatynyň dowamynda terrorçylyk howpy bilen baglylykda howpsuzlyk çärelerini güýçlendirendigini yglan edipdi.

Bir aýlap dowam etjek “Euro 2016” ýaryşy10-njy iýunda Parižde başlandy.

XS
SM
MD
LG