Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ Ukraina 220 million dollar berýär


Ukrainanyň premýer-ministri Wolodymyr Hroýsman.
Ukrainanyň premýer-ministri Wolodymyr Hroýsman.

Ak tam, Kiýewiň ykdysady, syýasy we energiýa reformalaryny goldamak üçin, Ukraina şu ýyl 220 million amerikan dollaryny berjegini aýtdy.

Uruşdan ejir çekýän ýurda bu zerur maliýe kömeginiň beriljegi 15-nji iýunda Birleşen Ştatlaryň wise-prezidenti Joe Baýdeniň (Joe Biden) Ukrainanyň premýer-ministri Wolodymyr Hroýsman bilen telefon arkaly geçiren gepleşiginden soň mälim edildi.

Ak tam Ukraina bu kömegiň “ýurtda demokratik institutlary güýçlendirmek, durnukly ykdysady ösüşiň binýadyny berkitmek we ynsanperwer zerurlyklary üpjün etmek üçin” beriljekdigini aýtdy.

Ak tamyň bildirmegine görä, Hroýsmanyň “erjel reformalarynyň gün tertibindäki” maddalaryň arasynda – gümrük reformalary, adalat ulgamyndaky reformalar arkaly korrupsiýa garşy göreş we 2-nji iýunda Ukrainanyň parlamenti Rada tarapyndan kabul edilen konstitusion üýtgetmeleriň ýerine ýetirilişini güýçlendirmek ýaly wezipeler bar.

Maliýe kömegi

Maglumatda Hroýsmanyň garaşsyz mediany we raýat jemgyýetçiligini goldamak, şeýle-de hökümetiň netijeliligini artdyrmak üçin Ukrainada häkimiýetiň merkeze garaşlylygyny gowşatmak we döwlet dolandyrylyşyna raýatlaryň has aktiw gatnaşmagyny ýaýbaňlandyrmagy maksat edinýändigi aýdylýar.

Şeýle-de Hroýsman energiýa reformasyny amala aşyrmak, şol sanda Ýewropa Bileleşiginiň standartlaryna laýyklykda gaz we elektrik togunyň bazarlaryny döretmek, ýurduň Orsýetiň gazyna garaşlylygyny gowşatmak we energiýa agentliklerini hususylaşdyrmak ýaly çäreleri wada berýär.

Ak tamyň maglumatyna görä, 9-njy iýunda Birleşen Ştatlaryň daşary ýurt hususy inwestisiýa korporasiýasy iki hususy inwestisiýa fonduna 62,5 million amerikan dollary möçberindäki maliýe kömegini bermegi tassyklady. Bu fondlara geçirilen pul serişdesi Ukrainanyň çäklerindäki ençeme pudaga, şol sanda oba-hojalyk biznesine, saglygy saklaýyş, infrastruktura, sarp edilýän harytlar we gozgalmaýan emläk pudagyna goýberiler.

Ukraina berlen jemi maliýe kömegi

2014-nji ýyldan bäri Birleşen Ştatlaryň Ukraina beren maliýe kömegi jemi 1,3 milliard amerikan dollaryna ýetdi. Munuň düzümine gündogar Ukrainada orsýetparaz separatistler bilen hökümet güýçleriniň arasyndaky konfliktden ejir çeken parahat ilata berlen 112 million amerikan dollary möçberindäki ynsanperwer kömek hem girýär diýlip, Ak tamyň maglumatynda görkezilýär.

Şeýle-de, Birleşen Ştatlaryň hökümeti Ukraina $2 milliard karz berjekdigini hem tassyklady. 3-nji iýunda bolsa, amerikan hökümeti Ukrainanyň bu karzyň 1 milliard dollarynyň üçden bir bölegini öňümizdäki aýlarda ulanmagyna mümkinçilik berýän şertnamany kabul etdi.

Ak tam “Bu karz Ukrainanyň öz ykdysadyýetini durnuklylaşdyrmagyna we ykdysady geçiş döwründe ilatyň iň gowşak bölegini goramaga ýardam berer” diýip belleýär.

XS
SM
MD
LG