Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Germaniýa orsýetli futbol janköýerlerini tussag etdi


Orsýetli futbol janköýerleri 15-nji iýunda Fransiýanyň Lille şäherinde tussag edildi, 2016.

Orsýetli futbol janköýerleri 15-nji iýunda Fransiýanyň Lille şäherinde tussag edildi, 2016.

Germaniýanyň polisiýasy 16-njy iýunda Keln şäherinde üç sany ispaniýaly syýahatçyny urup-ýençmekde güman edilýän alty orsýetli futbol janköýerini tussag etdi.

Iki Ispaniýalynyň agyr ýaralanandygyny polisiýa atdy.

Orsýetliler “Euro 2016” futbol ýaryşyndan Moskwa gaýdyp barýardy.

Polisiýadaky çeşme ýedi orsýetli “Kelniň ybadathanasynyň öňünde ispanlara hüjüm etdiler... Polisiýa olardan altysyny ele saldy, biri gaçmagy başardy” diýip TASS agentligine aýdypdyr.

Orsýetiň Berlindäki ilçihanasy bu wakany dessine kommentirlemedi.

Fransiýanyň häkimiýetleri Marselle şäherinde angliýaly janköýerleriň we beýlekileriň agyr ýaralanmagyna jogapkär 20 çemesi orsýetlini ýurtdan çykarandygyny habar berdiler.

XS
SM
MD
LG