ABŞ Siriýanyň günortasynda gozgalaňçylara, şol sanda ABŞ-nyň goldamagynda “Yslam döwleti” toparyna garşy söweşýän güýçleri howadan oka tutmakda Orsýeti aýyplady.
ABŞ-nyň resmisi al-Tanf atly ýeriň golaýynda bolan bombalaýyşlaryň “uly aladalanma döredendigini” we Waşingtonyň bu meseläni Moskwa bilen maslahat etjekdigini 16-njy iýunda Reuters we AFP agentliklerine aýtdy.
Emma Orsýet ABŞ-nyň Siriýada terrorçy toparlara daýanyp, Orsýetiň goldamagyndaky prezident Başar al-Assadyň režimini agdarmak boýunça gizlin planynyň bolmagynyň ähtimaldygy baradaky çaklamalary öňe sürdi.
Orsýetiň daşary işler ministri Sergeý Lawrow 16-njy iýunda Sankt Peterburgda eden çykyşynda şeýle planyň bolmagynyň ABŞ-nyň Siriýadaky gozgalaňçy güýçleriniň “Al-Kaýdanyň” “Nusra frontundan” daşlaşmagyny gazanmakdaky şowsuzlygyny düşündirýändigini belledi.