Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ-nyň diplomatlary Siriýada howa hüjümlerine çagyryş etdiler


ABŞ-nyň döwlet sekretary John Kerri
ABŞ-nyň döwlet sekretary John Kerri

ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň 50-den gowrak resmisi Waşingtonyň Siriýa boýunça alyp barýan syýasatyny tankyt edýän beýannama gol çekip, ABŞ-ny Siriýanyň hökümet güýçlerine garşy howa hüjümleri amala aşyrmaga çagyrdylar.

Beýannama Döwlet departamentiniň ABŞ-nyň Siriýa boýunça syýasatynyň kesgitlenmegine gatnaşygy bolan orta we ýokary derejeli 51 resmi tarapyndan gol goýulandygyny “The Wall Street Journal” neşri habar berdi.

ABŞ-nyň döwlet sekretary John Kerri 17-nji iýunda Kopengagende eden çykyşynda beýannamanyň ähmiýetini belledi, emma ony entek görmändigini we meseläni Waşingtona dolanyp baransoň maslahat etjekdigini aýtdy.

Siriýanyň hökümet güýçlerine garşy howa hüjümleri Obamanyň administrasiýasynyň Siriýadaky graždan urşuna göni goşulyşmazlyk syýasatyna uly üýtgeşiklik getirip bilerdi.

Siriýada 2011-nji ýylda başlanan graždan urşy zerarly 270 müň adam wepat boldy we millionlarça adam ýaşaýan ýerlerini terk etmäge mejbur boldy.

XS
SM
MD
LG